Iň täze habarlar

Ýaş ussat hünärmen bolmaga böwet däldir – ýaş konditeriň taryhy

25.04.2023 | 15:26 |
 Ýaş ussat hünärmen bolmaga böwet däldir – ýaş konditeriň taryhy
 Ýaş ussat hünärmen bolmaga böwet däldir – ýaş konditeriň taryhy
 Ýaş ussat hünärmen bolmaga böwet däldir – ýaş konditeriň taryhy
 Ýaş ussat hünärmen bolmaga böwet däldir – ýaş konditeriň taryhy
 Ýaş ussat hünärmen bolmaga böwet däldir – ýaş konditeriň taryhy
 Ýaş ussat hünärmen bolmaga böwet däldir – ýaş konditeriň taryhy

Süýji desertiň geň galdyryşy abraýly galereýadaky suratyňkydan kem däldir. Ýetginjek Aýlar Lokkaýewa öz ussatlygy bilen muny subut etdi. Özüniň 15 ýaşynda ol korpusly desertleri döretmek sungatyny kämillik bilen ele aldy, şeýle desertler islendik zadyň şekilinde ýerine ýtirilip bilner.

Ýetginjekdigine garamazdan, Aýlar konditer önümleriniň dürli görnüşlerini – tortlary, çizkeýkleri, şirin kökeleri, şol sanda mussly, kökeli, şeýle hem süýji bulkajyklary ökde bişirip bilýänligi bilen öwnüp biler.

Süýjüleri bişirmek gyzyklanmasyny ýaş konditer ejesinden aldy.

«Men diňe ony gönükdirdim, soňraky hünär ösüşine itergi berdim diýsegem boljak. Soňra ol özbaşdak ýüzüşe başlady» - diýip, Merjen - ýaş konditeriň ejesi gürrüň berýär.

Aýlara konditer Sedrik Groleniň fenomeni uly täsir etdi. Fransuz nusgawy konditer sungatynyň araçäklerini giňeltmegi teklip edip, bütin dünýä boýunça konditerleriň täze neslini we aşpezleri ruhlandyrýar. Onuň geň galdyryjy döredijilik önümleriniň arasynda – altyn almalar, alma tartlar we tartaletkalar, şekilli merengalar, aýna üsti bolan glýanes tortlar, içi awtorlaryň taýýarlaýyş usullary boýunça edilen dürli reňklerdäki we ölçegdäki «miweler» bar.

Gyralary anyk işlenilen dürli reňkli kubik Rubik, şetdaly, ülje we armyt, ýöne adaty däl-de, aşhanada döredilen, ajaýyplygy we içindäki süýji harjy bilen geň galdyrýar. Owadanlyk we süýjülik bilen hakyky ylham!

Özüniň kulinar önümlerini taýýarlamakda Aýlar diňe ýokary hilli önümleri ulanýar, belgiýa şokolady Callebaut, Hochland cremette söwda nyşany bolan doragly peýnir, Ravifruit iýmişli pýuresi we başgalar. Şunda ol tebigy önümleriň tagamynyň saklanmagyna we mümkin boldugyça köp açylmagyna uly üns berýär.

Aýlaryň döreden zatlaryna diňe desert ýa-da şirin köke diýip bolanok. Bu hakykatdan hem gözelligi we tagamy boýunça ajaýyp, ýasalyşy boýunça anyk we göwnüňdäki ýaly (kemsiz), täsin we äheňi boýunça adaty bolmadyk kiçijik sungat eserleridir.

Ol bezege we kompozisiýa aýratyn üns berýär, ol hem işiň möhüm bölegini düzýär. Bir önümiň üstünde 2-3 gün zähmet çekmeli bolýar. Sebäbi halaýan işini okuw bilen utgaşdyrmaly bolýar. Ýöne netije şoňa degýär. Janypkeşlikli we hysyrdyly işiň miwelerini ýaş konditeriň Instagramdaky hasabynda görüp bolýar.

Özüniň geljegini Aýlar «süýji» dünýä bilen baglanyşdyrýar. Ol bu hünärde has kämilleşmegi we konditerçilik sungatynyň inçe syrlaryny çuňňur özleşdirmegi meýilleşdirýär. Gyzjagazyň ene-atasy onuň saýlan ýoluny doly makullaýarlar we hemmetaraplaýyn goldaw berýärler.

ORIENT

Foto: instagram.com / @l.a.s.sweet_princess

Şeýle hem okaň: