Iň täze habarlar

Merkezi Aziýanyň bazarlaryna rus maýadarlarynyň "syny oturdy"

25.03.2023 | 20:03 |
 Merkezi Aziýanyň bazarlaryna rus maýadarlarynyň "syny oturdy"

Merkezi Aziýa bazarlarynyň 35%-i rus maýadarlarynyň gözüne ildi. Maglumat Atlas býurosynyň bilermenleri tarapyndan Almaty, Bişkek, Duşanbe we Daşkent şäherlerindäki 147 bazary öz içine alýan barlag taslamasynyň çäginde mälim edildi.

Söwda merkezleri bilen deňeşdirilende, Merkezi Aziýanyň şäherlerindäki üsti bassyrmaly bazarlar has amatly, sebäbi hut şu ýerde alyjylara ýerli önüm öndürijiler tarapyndan oba hojalyk önümleriniň giň görnüşi hödürlenýär. Hawa, diňe şu bazarlarda iýmit syýahatçylygy ýaly tendensiýanyň ösmegi üçin berk esas bolup biljek gündogar bazarynyň üýtgeşik özboluşlylygyny we resmi däl atmosferany duýmak bolýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda adaty bazarlar şu güne çenli bölek satuw söwdasynyň ep-esli bölegini tutmagyny dowam etdirýärler, has takygy umumy söwda dolanyşygynyň ortaça 20-40%-ini tutmak bilen, mixed-use desgalary hökmünde maýadarlar üçin gyzyklanma döredýärler. Gürrüň halkara tejribesinde köplenç “garyşyk ähmiýetli” toplumlara öwrülýän we özüni çalt ödeýän gozgalmaýan emläk görnüşine girýän üsti bassyrmaly bazarlar hakda barýar. Mundan başga-da, bu taslamalar amatly ýerleşişi, giň gurşawy, şeýle hem diňe bir şäher ilatyny däl, eýsem jahankeşdeleri-de özüne çekmek ukyby bilen tapawutlanýar.

ORIENT news

Foto: Atlas

Şeýle hem okaň: