Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini iberdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Maglumatlara görä, ýük 22-nji martda çarşenbe güni ugradyldy. Ukraina iberilen ynsanperwer kömegi derman serişdelerinden we lukmançylyk enjamlaryndan, dokma we dürli azyk önümlerinden ybaratdyr.

Ukrain halkynyň çagalary üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermek boýunça buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen hepdede gol çekdi.
ORIENT news
