«HASAR» konditer fabrigi gezelenje çagyrýar
12.03.2023 | 20:58 |Çagalygynda hasymyz konditer fabrigine baryp görmegi, lezzetli hoşboý ysy duýmagy we dürli süýjüleri – konfetleri, batonçikleri, wafli we ş.m. dadyp görmegi hyýal etmedik. Emma, bu arzuw «HASAR» bilen hakykata öwrülip biler.
Ýerli kärhana mekdep okuwçylaryny şokolad dünýäsine syýahat etmäge we süýjilikleri döretmek işiniň nähili bolýandygyny öz gözleri bilen görmäge çagyrýar.
Gezelenç başlamazdan ozal myhmanlary görkezme bilen tanyşdyrarlar we soňra olary önümçilik ussahanasyna we gaplaýyş bölümine äkidiler. Ol ýere barmak üçin ilki bilen kärhananyň hasar.tm saýtynda onlaýn-görnüşi doldurmaly we guramaçylaryň jogabyna garamaly.
«HASAR» – iri türkmen konditer önümlerini öndürijidir. Kompaniýa daşary ýurtlarda hem giňden tanalýar. Onuň önümleri Russiýa, BAE, Hytaý, Gazagystan, Owganystan, Yrak, Pakistan we ş.m. ýurtlara eksport edilýär.
ORIENT news