Iň täze habarlar

Türkmenistanda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp harby gullukçylaryň ýaryşlary geçdi

28.01.2023 | 11:18 |
 Türkmenistanda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp harby gullukçylaryň ýaryşlary geçdi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp tutuş ýurt boýunça geçirilen sport ýaryşlarynyň umumy topar hasabynda öňdeligi eýelediler.

Serhet gullugynyň talyplary ikinji orny eýelediler, üçünji ýeri bolsa – Içeri işler ministrliginiň harby gullukçylary eýelediler – diýip, «МИР 24» habar berýär.

Harby gullukçylaryň bäsleşen ugurlarynyň arasynda - mini-futbol, woleýbol, basketbol, grek-rim göreşi, dzýudo, şeýle hem dürli aralyklara ylgamak, pyçak zyňmak, tanap çekmek we turnikde we brusda çekilmek boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýörite bölümleri daglyk ýerde gurnalan görkezme çykyşlarynda öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanda Watan goragçysynyň güni her ýylyň 27-nji ýanwarynda bellenip geçilýär we harby gullukçylar we ähli harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin hünär baýramy hasaplanylýar.

ORIENT habarlar

Foto: mir24.tv

Şeýle hem okaň: