Türkmenistandan we GDA ýurtlaryndan gelen talyplar Belarussiýada “Ýyldyz ýörişine” gatnaşarlar
25.01.2023 | 04:12 |Belarussiýanyň Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň talyplary we mugallymlary çarşenbe güni Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň harby şöhrata dolan ýerlere bararlar. Minskde 250 talyp we mugallym gatnaşýan “Ýyldyz ýörişi” badalga aldy. Ol üç gün - 25-25-nji ýanwar aralygynda dowam eder – diýip, BelTA habar berýär.
― GDA ýurtlaryndan gelen talyplar üçin “Ýyldyz ýörişi” umumy taryhymyza giriş we Sowet Soýuzynyň halklarynyň ölmez-ýitmez edermenligi we Beýik ýeňiş barada taryhy hakykaty gorap saklamagyň özboluşly marafonynyň bir görnüşidir. Ýörişe gatnaşyjylar Belarus halkynyň ýurtlarymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin janyny pida edenleriň hatyrasyny mukaddes saklaýandyklaryna ýene bir gezek göz ýetirip bilerler - diýip, M. Tank adyndaky Belarus döwlet pedagogika uniwersitetiniň rektory Aleksandr Žuk aýtdy. Halkara 58-nji “Ýyldyz ýörişiniň” başlanmagyna bagyşlanan dabaraly çärede eden çykyşynda aýtdy. Ýeri gelende aýtsak, bu ýöriş 1966-njy ýyldan bäri Belarus döwlet pedagogika uniwersitetiniň başlangyjy bilen geçirilýär.
Çärä gatnaşýanlar 10 topara bölündi, olaryň hersiniň Minsk, Gomel we Mogilew oblastlary boýunça öz ugry kesgitlenendir. Olar Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary bilen duşuşarlar, wepat bolan sowet esgerleriniň we parahat ilatyň doganlyk mazarlaryna gül goýarlar. Şeýle hem, maksatnama ussatlyk sapaklaryny we tematiki konsertleri öz içine alýar.
ORIENT news