Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Özbegistanyň prezidenti bilen duşuşdy

25.01.2023 | 05:12 |
 Türkmenistanyň Daşary işler ministri Özbegistanyň prezidenti bilen duşuşdy

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýiýoew YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende sapar bilen baran Türkmenistanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, şol sanda ykdysadyýet, söwda, senagat hyzmatdaşlygy, energiýa, ulag we logistika, sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmek we medeni we gumanitar alyş-çalyş ýaly meseleleri ara layp maslahatlaşdylar.

Özbegistanyň döwlet baştutanynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy, halk lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana (14-15-nji iýul) döwlet sapary we Özbegistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine (21-22-nji oktýabr) resmi sapary wagtynda iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň birinji çärýeginde birnäçe bilelikdäki çäräniň - Hökümetara toparyň, Suw dolandyryş meseleleri boýunça bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisleriniň, Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň, medeni we beýleki çäreleriň geçiriljekdigi bellenildi.

Şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşyldy.

ORIENT news

Foto: president.uz

Şeýle hem okaň: