Iň täze habarlar

Türkiýäniň Kapadokiýa şäheriniň geografiýasy – ertekilerdäki ýaly

25.01.2023 | 18:35 |
 Türkiýäniň Kapadokiýa şäheriniň geografiýasy – ertekilerdäki ýaly

Gaýalyklar bilen gurşalan Kapadokiýa şäheri dünýädäki iň üýtgeşik tebigy landşaftlardan biridir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren Türkiýäniň bu sebitinde tebigy gurşaw estetiki mähir bilen göze ýakymly täsir edýär.

Türkiýäniň merkezi böleginde ýerleşýän Kapadokiýa şäheri wulkan işjeňligi sebäpli emele gelen gowaklary, ýiti gaýalary we egrem-bugramlyklary bilen haýran galdyrýar.

География турецкой Каппадокии – погружение в сказку

Ilkibaşda hettleriň meşhur gadymy taýpasynyň wekilleri häzirki Kapadokiýanyň çäginde ýaşapdyr. Ata-babalara hormat goýmak bilen, hatda häzirki wagtda käbir ýerli ýaşaýjylar gowaklarda ýaşaýarlar, käbiri bolsa täsin myhmanhanalara öwrülipdir.

Kapadokiýanyň ýerasty şäherleri – Anadolyda ilkinji patyşalygy guran hettleriň we irki hristianlaryň mekany bolupdyr. Bu oturymly ýerler müňlerçe adama dünýäniň beýleki ýerlerinden doly gizlinlikde ýaşamaga mümkinçilik berýän wagtal-wagtal gaçybatalga hökmünde ulanylypdy.

География турецкой Каппадокии – погружение в сказку

Hristiançylygyň ösmeginde möhüm orun eýelän Göreme atly açyk howa muzeýi we Ihlara jülgesi myhmanlara täsin gowak ybadathanalary bilen tanyşdyrýar. Içinde iň ýokary ussatlyk bilen haýran galdyryjy reňkli freskler oýulyp çekilipdir.

Syýahatçylyk agentlikleri Ihlara jülgesinden geçmäge, günüň doguşyny tomaşa etmekden lezzet almaga ýa-da safari gezelenji bilen gün ýaşyp barýarka asmanyň gözýetimdäki öwüşginlerini synlamaga mümkinçilik berýän Kapadokiýada dürli ugurlary hödürleýärler.

География турецкой Каппадокии – погружение в сказку

Täsirli peýzažlary synlaýarkaňyz, howa şary bilen gezelençde özboluşly tejribe gazanyp bilersiňiz we küýzegärçilik mekdebine baryp, gadymy senetçilik dünýäsine syýahat edip bilersiňiz.

Kapadokiýada we Türkiýäniň beýleki sebitlerinde dynç almak üçin döredilen mümkinçilikler barada has giňişleýin maglumatlary [goturkiye.com] (https://goturkiye.com/) salgysyna girip, alyp bilersiňiz.

ORIENT
Suratlar Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Foto: Suratlar Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: