“Elektronika Dünýasi” dükanynyň açylmagy – hojalyk ehjamlaryny täzelemek üçin iň amatly wagt
26.11.2022 | 19:37 |Döwrebaplaşdyrylan Aşgabat “Elektronika Dünýasi” dükany 26-njy noýabr, şenbe güni açylýar we täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda müşderilere iň amatly şertler boýunça öýi we maşgalasy üçin meşhur markaly harytlary satyn almagy teklip edýär.
Samsung, Hitachi, Gorenje, Whirlpool, Neos, Delonghi, Ariston, TCL, Moulinex, Braun we başgalar - gündelik durmuşda zerur we peýdaly, gabarasy uly we kiçi enjamlaryň iň abraýly we ygtybarly markalary düşürilen bahalarda elýeter bolar.
Şeýlelik bilen, siz köne sowadyjyňyzy/tozan sorujyňyzy täzelemek isleýäňizmi ýa-da mydam soňa goýulýan isleg sanawyňyzda bar bolan howur peç, belki-de gap-gaç ýuwujy tehnika edinmekçi bolsaňyz, onda häzir tüýs şonuň wagty, hakyky ýeri bolsa – Elektronika Dünýasi. Bu ýerde siz öz ynam bildirýän markaňyzy, enjamyň giňişligiňize laýyk ululygyny saýlap bilersiňiz.
Dükandan satyn alnan harytlary eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň çäklerinde mugt amala aşyrylýar.
1-nji dekabra çenli Elektronika Dünýasi öz müşderilerine elektrik enjamlarynyň ählisini 20% arzanladyş bilen hödürleýär.
Ýylyň ahyryna çenli harytlaryň aýry-aýry görnüşleriniň bahasynyň ep-esli derejede arzanladylmagyny göz öňünde tutýan “tükediş” aksiýasy yglan edilýär.
Dükandan söwda eden müşderileriň hemmesine bije boýunça paýlanjak sowgatlar garaşýar. Ýöne, mundan başga-da, ýörite kodly petekler boýunça üç sany uly baýrak goýulan utuşly aksiýa hem geçiriler.
“Elektronika Dünýasi” köpsanly brendleriň resmi distribýutory bolup durýar, ol 1 ýyldan 3 ýyla çenli möhlet bilen ýokary hilli kepillik hyzmatyny we öz hyzmat merkezinde enjamyň abatlaýyş işlerini hödürleýär.
“Elektronika dünýäsi” dükany Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183 salgy boýunça size garaşýar.
“Elektronika Dunyasi” dükany: + 99360-14-22-53
Instagram: @ elektronika.dunyasi.dukany
«Tehnika Dunyasi» hyzmatlar merkezi: + 99360-14-22-54 / 55
Instagram: @tehnika_dunyasi
ORIENT news