Iň täze habarlar

“21-nji asyrda Ahi Evran: innowasiýa we önümçilik” atly taslama yüztutmalar başlady

05.11.2022 | 00:13 |
 “21-nji asyrda Ahi Evran: innowasiýa we önümçilik” atly taslama yüztutmalar başlady

Türkiýäniň Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Jemgyýetler Müdirligi (YTB) tarapyndan jemgyýetçilik, medeni we bilim taslamalarynyň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Şol taslamalar ýakyn geografiýada ýerleşýän garyndaş halklardaky adam kapitalynyň ösdürülmegine gönükdirilen.

Bu nukdaýnazardan, Türkiýäniň Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Jemgyýetler Müdirligi OSTİM Tehniki Uniwersiteti bilen bilelikde “21-nji Asyrda Ahi Evran: Innowasiýa we Önümçilik” atly taslama badalga berdi.

Программа «Ахи Эвран в 21 веке: инновации и производство» приглашает всех желающих

Türk dilinde geçiriljek taslamanyň çäginde gatnaşyjylara beriljek onlaýn okuwlardan daşary bellenen şertlere laýyk gelýän gatnaşyjylar üçin Türkiýede hackhatonyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Taslamanyň netijesinde, işewür pikiri ýa-da önümi bolan gatnaşyjylara öz pikirlerini ýa-da önümlerini kämilleşdirmäge mümkinçililik bermek maksat edinilýär.

Taslama degişli ýüztutmalar 2022-nji ýylyň 18-nji noýabryna çenli https://innoahievran.com/ internet sahypasyndan kabul edilýär.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: