Iň täze habarlar

Telefondaky mahabatdan dynmagyň ugurlary: Android we iOS üçin synagdan geçen usullar

18.10.2022 | 19:28 |
 Telefondaky mahabatdan dynmagyň ugurlary: Android we iOS üçin synagdan geçen usullar

Goşundylardaky we oýnuň dowamyndaky mahabat – bu muzdsyz ýüklenip alnan görnüşleriň hiç bir zyýany bolmadyk “goşmaçasydyr”. Onuň bilen oňşuk edip gezip ýörmeli däl, iň gowusy telefonuňyzda onuň zol-zol gaýtadan peýda bolup durmagynyň öňüni alyň. Muny Android we iOS amal ulgamlary üçin nähili ulanmalydygyna aşakda seredip geçeliň.

Androidde mahabaty nädip aýyrmaly

Xiaomi we Samsung enjamalarynyň eýeleri gaýtalanyp duran iriziji mahabatlara ýygy-ýygydan duş gelýärler. Android – bu girelge kody açyk duran ulgamdyr, şonuň üçin hem oňa dürli mahabatlary ýa-da zyýan beriji mehanizmleri gurnamak ýeňil düşýär. Bannerler iş alyp barmakda ulanyjylara päsgelçilik döredýärler, käwagt bolsa düýpli zyýan ýetirýärler, çünki olaryň düýbünde wirus programmalary bardyr.

Blokirleýji ekranda we maglumatlar ulgamynda yzygiderli çykyp durýan mahabatlar

Adatça olar brauzeriň we saýtyň salgysy görkezilende peýda bolýar. Şeýle mahabatyň sebäbi – dürli saýtlaryň maglumatlaryna ýazylmak bilen baglydyr, siz brauzerde ygtyýar ediji nurbata basan mahalyňyz, mahabatlaryň ugradylmagyna ýol açýarsyňyz. Ondan dynmak aňsat: öz brauzeriňiziň maglumatlary sazlaýan setirine baryň. Sanawda size maglumatlary ibermäge ygtyýar edilen saýtlar peýda bolar, şeýle hem olar mahabatlary ýollaýarlar. Şol saýtlary tapyň we “Очистить и сбросить (Arassalamak we duruzmak)” (Chrome-de) ýa-da “Блокировать (Blokirleme)” (Yandex brauzerinde).

Işçi ekranyň, goşundynyň we blokirleýji ekranyň ýokarysyndaky mahabat

Goşundy ýüklenip alnandan soň gerek däl programma üpjünçiliginiň peýda bolmagy ahmal: işläp düzüjiler öz borçlaryny elmydama ynsaplylyk bilen ýerine ýetirip durmaýarlar. Şular ýaly ýagdaýda mahabat işçi stolunyň ýüzünde peýda bolýar. Aslynda mahabatyň haýsy goşundy tarapyndan görkezilýändigini anyklamak kyn, emma bu mümkindir. Häzirki ýagdaýda ýörite programmalardan (mysal üçin, Popup Ad Detector, Goclean, Uninstaller) peýdalanyň. Olar telefony skanirlemäge we ýüklenen haýsy goşundynyň mahabaty görkezmäge ukyplydygyny anyklamaga ýardam eder. Soňra siz şol goşundyny aýyrmagyň esasynda ondan ýüz öwrüp bilersiňiz.

Goşundylarynyň ygtyýarlandyrmalary, Androidiň administratorlary

Launçerler, gorag goşundylary, belgi aýlaýjylar we belgini anyklaýjylar, blokirleýjiler, käbir arassalaýjy goşundylar we “batareýa kuwwatyny tygşytlaýjylar”, kameralar we QR-kodlary skanirleýjiler, goşmaça klawiaturalar ýaly programmalar özlerine zerur bolmadyk goşmaça ygtyýarlandyrmalary talap edip we mahabatlary görkezip bilerler. Näme etmeli? Öz telefonuňyzdaky aýry-aýry ygtyýarlandyrmalaryň sazlamalaryna göz aýlaň.

Telefondaky mahabatdan dynmagyň ugurlary: Android we iOS üçin synagdan geçen usullar

Android 7-de: Sazlamalar — Goşundylar — Ýokardan sag tarapda menýu düwmesi — Goşundyny sazlamak— Beýleki penjireleriň üstünden goýmak.

Android 9-da: Sazlamalar — Goşundylar we maglumatlar — Goşmaça — Ýörite elýeterlilik— Beýleki penjireleriň üstünden goýmak.

Samsung Galaxy-da: Sazlamalar — Goşundylar —ýokardan sag tarapda menýu düwmesi — Elýeterliligiň aýratyn hukuklary — hemişe ýokarda.

Enjamyň admisitratorlary — Android enjamyna aýratyn elýeterlilikli goşundylar, olar siziň telefonuňyz bilen islendik hereketi amala aşyrmaga ukyplydyrlar. Şolar ýaly goşundylaryň sanawyny tapyp bolýandyr.

  • Android 7-de: Sazlamalar — Howpsuzlyk — Аdmisitratorlar.*

  • Android 9-da: Sazlamalar — Goşundylar we maglumatlar – Goşmaça —Ýörite elýeterlilik – Enjamyň admisitratorynyň goşundylary.*

  • Samsung Galaxy-da: Sazlamalar — Biometriýa we howpsuzlyk — Howpsuzlygyň başga parametrleri — Enjamyň admisitratorlary.*

Adatça sanawda telefony öndürijiniň Google goşundysyndan («Найти устройство», «GooglePay» we ş.m.) özge zat bolmaly däldir, kähalatlarda — antiwiruslar hem saklanyp biler. Galan halatlarda başga artykmaç admisitratorlary aýyrmaga synanyşyň.

Mahabaty blokirlemek üçin programmalar

Eger-de siz mahabatyň nirede nädip peýda bolýandygyna garamazdan ony bütinleý aýyrmakçy bolsaňyz, ýörite programmalardan – blokirleýjilerden peýdalanyň. Olar brauzerlerdäki, goşundylardaky, oýunlardaky we sosial ulgamlardaky mahabatlary aýyrýarlar.

Şu ugurda iň gowy programma – AdBlock Plus. Ol diýseň netijeli programma bolansoň, siz ony Google Play dükanyndan tapyp bilmersiňiz. Goşmaça çeşmelerden ýükläp alyp, öz smartfonuňyzda özbaşdak gurnamaly bolarsyňyz (çünki Google-yň esasy girdejisi mahabat bolup, kompaniýany bu gazanjyndan kesmek maksada laýyk däldigi düşnükli zat ahyryn).

Goşmaça goşundylary ýüklemek öz-özünden gurnap bolmaýandygyna ünsüňizi çekýäris, şonuň üçin sazlamalardaky bu setirde üýtgetmeleri geçirmeli: «Настройки» > «Безопасность» ýa-da «Приложения» > «Неизвестные источники». Şol ýerde hem bellik goýmaly. Kähalatlarda şunuň ýaly goşundy gurnalýan mahaly şeýle penjire öz-özünden peýda bolýar. Şonda peýda bolan ýazgyda bellik goýup, gurnamanyň tamamlanaryna garaşmaly.

Beýleki tölegsiz programmalar: Adfree, AirPush, AdGuard, Xposed Framework (YouTube üçin), antiwiruslar DoctorWeb, Kaspersky Internet Security, McAffee Security we ş.m. Bulardan başga-da, siz Opera ýa-da Firefox brauzerlerinden peýdalanýan bolsaňyz, olarda internet sahypalaryndaky mahabatlary aýyrmaga ýardam berýän ýörite gurnalan plaginler bar.

Sazlamalary ilkibaşdaky ýagdaýyna çenli aýyrmak

Käwagt mahabat hökmünde smartfonyň programma üpjünçiligi üçin uly howplar gizlenip durýar, şunda blokirleýjiler hem, antiwiruslar hem olaryň hötdesinden gelip bilmeýärler. Esasan hem bu ýagdaý bikanun “beklenilen” oýunlar ýüklenenden soň peýda bolýar. Siziň smartfonuňyzy dolandyryp bolmaýan ýagdaýa geçer – goşundylary özbaşdak ýükläp başlar, mahabat saýtlaryna geçip ugrar we ş.m.

Has agyr ýagdaýlarda sazlamalary ilkibaşdaky ýagdaýyna çenli aýyrmak maslahat berilýär – bu goşundylaryň we maglumatlaryň ählisini, şol sanda mahabaty ýok edýär. Dikeltmek üçin zerur faýllaryň goşmaça nusgasyny saklap galmagy unutmaň.

iOS mahabaty aýyrmak

Telefondaky mahabatdan dynmagyň ugurlary: Android we iOS üçin synagdan geçen usullar

Brauzerdäki mahabat

iPhone üçin esasy brauzer Safari bolup durýar, hut şonuň üçin hem biziň gürrüňimiz şol barada bolar (beýleki brauzerleriň ulanyjylary hem telefonda mahabaty aýyrmak üçin olardan sazlamalary tapyp bilerler).

Safari goşundysynda “Okamak üçin” düzgüni bar, onuň kömegi bilen ugrukdyryjy menýu, mahabata we ünsüňi bölüji beýleki obýektlere salgylanmazdan sahypany açmak mümkindir. “Okamak üçin” düzgüni web-sahypany formatirleýär, şunda diňe başlangyç ýazgylar we şekiller saklanyp galýar.

Sahypalaryň parametrleriniň menýusyna girip, ony işjeňleşdirip we sahypany aşaklygyna tarap gözden geçirip bolýandyr. Onuň işini öçürmek üçin sazlamalar düwmesine basmaly, soňra “«Aýyrmaly “Okamak üçin”» ugry boýunça geçmeli. Eger «Görkezmeli “Okamak üçin”» garaldylan bolsa, bu düzgüniň degişli sahypa üçin elýeterli däldigini habar berýär.

Bellik. Bar bolan web-sahypalaryň ählisinde “Okamak üçin” düzgüninden awtomatiki ýagdaýda peýdalanmak üçin «Настройки» > «Safari» > «Режим для чтения» açmaly.

Eger siz çykyp durýan penjireleri blokirlemek isleýän bolsaňyz «Настройки» > «Safari» açyň, soňra «Блокировка всплывающих окон» parametrini işlediň.

Oýunlarda we goşundylarda iriziji mahabaty aýyrýarys

Eger siz Internetsiz işleýän goşundydan peýdalanmak isleýän bolsaňyz, onda ony öçüriň (Wi-Fi öçürmek ýa-da “Uçuş” düzgünini ulanmak bilen). Ýöne bu usuly amatly hasap etmek bolmaz, çünki siz elmydama ulgamdan daşarda bolarsyňyz.

Başga bir tarapdan iOS goşundynyň öýjükli maglumatlara elýeterliligini dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Siz enjamyňyzdaky Internet birikmesini düýbünden kesmezlik üçin käbir programmalara öýjükli maglumatlara girmäge rugsat berip/inkär edip bilersiňiz. Bu aýratynlyk oýunlardaky mahabatlary blokirlemek üçin hem peýdalanyp bilner.

Muny nädip etmeli: iPhone-da “Sazlamalar” programmasyny işlediň we «Mobil/Öýjükli» tapyň. Soňra mahabaty blokirlemek isleýän oýnuňyzy tapmak üçin aşaklygyna geçiň we onuň gapdalyndaky geçiriş düwmesini öçürip goýberiň.

Mahabaty blokirlemegiň ikinji usuly has amatlydyr. Mahabat blokirleýjilerini göçürip alyň. Şeýle goşundylar örän köp we olary App Store-den tapmak mümkindir. Hödürlenýän çözgütleriň köpüsi diňe internet-brauzerlerindäki bannerleri blokirleýär, ýöne olaryň käbirleri oýunlardaky we goşundylardaky mahabatlaryň hötdesinden gelmegi başarýar. Adblock Wi-Fi и iCareFone tölegsizleriň içinde iň giňden ýaýran görnüşleridir.

Tehniki taýdan mahabatlaryň ählisini tutuşlygyna blokirläp bolmaýandygyny unutmaň. Ýöne olaryň köpüsini aýryp bilersiňiz, şeýle hem mahabat programma üpjünçiliginiň siziň internet torundaky hereketiňizi yzarlamagyny blokirlemegiň hötdesinden gelip bilersiňiz. Mahabatlary blokirlemegiň aýratynlygy, olara ünsüňizi bölmän hereketi dowam etdirmekdir, mundan başga-da, sahypanyň ýükleniş tizligi hem ýokarlanýar, maglumat geçiriş trafigi azalýar we batareýanyň kuwwaty ep-esli tygşytlanýar.

ORIENT news
Surat: unsplash.com

Şeýle hem okaň: