Iň täze habarlar

Türkmenistanda bank goýumlary – pul süýşürintgilerini nädip saklamaly we köpeltmeli

15.10.2022 | 15:35 |
 Türkmenistanda bank goýumlary – pul süýşürintgilerini nädip saklamaly we köpeltmeli

Bank goýumy (oňa depozit hem diýilýär) şahsy süýşürintgileri gorap saklamagyň we köpeltmegiň iň ygtybarly usuly hasaplanýar. Bu ýokary girdejili aktiw bolmasa-da, iň bolmanda süýşürintgileri inflýasiýadan gorap saklamaga kömek edip biler we maliýe sowatlylygynyň esaslary bilen ýaňy tanşyp başlan we öz maýasyny döretmäge başlaýanlar üçin ajaýyp gural bolup hyzmat eder.

Bu makalamyzda biz Türkmenistanyň banklarynyň goýumlar babatyndaky tekliplerine seredip geçeris we şahsy serişdeleriň nähili ýagdaýda depozite geçirilende amatly boljakdygy baradaky sowallara jogap bereris.

Bank goýumynyň nämedigi barada gysgaça

Bank goýumy – munuň özi siziň belli bir möhletiň dowamynda banka öz puluňyzy tabşyrmagyňyzdyr, şol möhletde bank ony dürli amallar üçin ulanýar, soňra bolsa göterimi bilen ony yzyna gaýtaryp berýär.

Mysal üçin, sizden kabul edip alnan pul serişdesini bank beýleki bir adama karz görnüşinde berip biler. Karz alyjy banka karzyny göterimi bilen gaýtaryp berýär we şol göterimleriň bir bölegi size gowuşýar.

Elbetde, bu ýönekeýleşdirmek, sebäbi siziň puluňyz banka düşenden soň, olar umumy hasapda saklanýar. Goýumlaryň käbir görnüşleri diňe bank amallarynyň bellenilen görnüşlerine gönükdirilip bilner. Emma munuň bien onuň düýp manysy üýtgemeýär.

Bank siziň serişdeleriňizi öz garamagyna görä ulanýar, ondan girdeji alýar we wagtlaýynça şahsy aktiw bilen üpjün edendigiňiz üçin öwezine puluňyz üstüni goşmaça töleg bilen ýetirip, size yzyna gaýtaryp berýär.

Näme üçin bank goýumlary ygtybarly maýa goýum hasaplanýar?

Çünki banklar elmydama ätiýaçlandyrylandyr, hatda batan halatynda hem goýumçylar öz serişdelerini yzyna alarlar.

Maýa goýumlarynyň beýleki görnüşlerinde töwekgelçilik has köp bolýar. Mysal üçin, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň pese düşmegi ahmal, tölegler bolsa dürli döwürlerde paýdarlara berlip bilinmez.

Goýumlaryň kesgitlenen göterim derejesi bar, näme bolsa-da siz wada berlen göterimi we goýumyň ähli mukdaryny alarsyňyz. Bu bank bilen baglaşylan şertnamada görkezilmelidir.

Türkmenistanyň banklaryndan goýum teklipleri

Goýumlar babatynda fiziki şahslar üçin banklaryň teklipleriniň mysallaryna seredip geçeliň. Has giňişleýin maglumatlary karz edaralarynyň resmi web sahypalaryndan tapyp bilersiňiz.

Halkbank ýyllyk 4 göterimden 10% çenli goýumlary ilata hödürleýär. Şunda goýumyň iň pes möçberi – 20 türkmen manady. 3 we 6 aýlyk, şeýle hem 1 ýyla çenli we 2 ýyllyk goýumlar bar. Goýumyň möhleti näçe uzak bolsa, onuň göterimi şonça ýokarydyr.

Bank goýumçylaryň islegine görä göterimleri her aýda tölemegi göz öňünde tutýar, emma serişdeleri goýumdan bölekleýin yzyna gaýtaryp almak mümkin däldir. Pensiýa ýaşyndaky raýatlar üçin 1 ýyla çenli ýyllyk 10% ýokarlandyrylan goýum bar.

Halkbankdaky ähli goýumlar «talap edilýänçä döwür üçin» goýumlarydyr, ýagny goýumçynyň ilkinji talap bildirmegi bilen, olar doly yzyna gaýtarylmaga degişlidir.

Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky möhletsiz dürli görnüşli goýumlary hödürleýär we nagt hem-de nagt däl tertipde serişdeleri kabul edýär.

Şeýle hem, goýumçynyň isleg bildirmegi boýunça depozite goşmaça serişdeler goýlup bilner, şol bir sanda olar aýlyk haklaryndan we beýleki girdejilerden awtomatik usulda geçirilip bilner.

Döwlet daşary ykdysady iş bankynda ýyllyk 8% göterim bilen ýörite möhletli «Kämillik ýaşyna sowgat» goýumy bar. Ol kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň ene-atalaryna hasaby yzygiderli dolduryp boljak we 18 ýaşyny doldurandan soňra elýeterli boljak bank hasabyny açmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen banklary wagt taýdan çäkli baýramçylyk aksiýalary yglan edýärler, şeýle aksiýalaryň çäginde raýatlaryň belli bir toparlary ýokarlandyrylan möçberde goýum goýmaga mümkinçilik alýarlar.

Şeýlelik bilem, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Türkmenistan» banky bir ýyllyk möhlet bilen ýyllyk 11% göterimli «Bagtyýar lukman» goýumyny açdy. Bu hyzmatdan ýurdumyzyň lukmançylyk pudagynyň işgärleri peýdalanyp bilerler.

Şuňa meňzeş aksiiýalar halkara Zenanlar güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni we beýleki şanly seneler mynasybetli ozal hem geçirilipdi. Olaryň geçirilişi hakynda ORIENT portalynda yzarlap bilersiňiz.

Depoziti nähili açmaly?

Türkmenistanyň islendik bankynda birnäçe minutda goýum hasabyny açyp bolýar. Munuň üçin pasportyňyzy we onuň göçürmesini ýanyňyz bilen alyp barmaly, zerur goýumy saýlamaly we şertnama baglaşmaly. Bu amalda çylşyrymly zat ýok, goýumlary açmak we goýumçylar üçin amallary mümkin boldugyça ýönekeýleşdirmek banklaryň özleri üçin bähbitlidir.

Goýum möhleti gutarandan soň, hasaplanan göterimler bilen bilelikde şol bankyň kassasyndan serişdeleriňizi yzyna gaýtaryp alyp bilersiňiz ýa-da olaryň şahsy hasabyňyza geçirmeklerini haýyş edip bilersiňiz.

Goýum açmazdan ozal onuň – möhletli ýa-da talap boýunça haýsy görnüşe degişlidigine üns beriň. «Möhletli» bolsa, şertnamada görkezilen möhlet gutarýança goýlan mukdary yzyna alyp bilmersiňiz. Goýum «talap edilýänçä» bolsa, pullary yzyna islän wagtyňyz gaýtaryp alyp bilersiňiz.

Bank goýumyny haçan we kim açyp biler?

Şahsy süýşürintgileri çäkli bolan adamlar üçin bank goýumlary örän amatlydyr. Başlangyç goýum hatda 20 manat hem bolup biler, soňra erkin serişdeleriň toplanmagynyň esasynda bank bilen baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulan ýagdaýynda goýumyň mukdaryny artdyrmak bolar.

Türkmenistanda täze dürli görnüşdäki maliýe gurallary peýda bolup başlady, şol sanda акции. Şeýle hem paýnamalaryň ikilenç bazary döräp ugrady, onda gymmatbaha kagyzlarynyň bahasy erkin bahada bolup biler.

Şunda tutuşlygyna alnanda maýanyň saklanylmagy we köpeldilmegi mümkiçilikleri bilen ýakynda tanamaga başlan başlangyç maýadarlara bankda goýum hasabyny açmaga synanyşyk etmek has ygtybarly we ýeňil bolar. Bu, "maýa goýumlary we pul bilen beýleki amallary amala aşyrmak - bu asla meniň üçinmi?" diýen soraga jogap bermäge kömek eder.

Eger jogap oňyn bolsa, muňa batyrgaý çemeleşip, has ýokary girdeji getirip biljek beýleki – maýa goýumlarynyň has töwekgel görnüşlerini ulanmaga synanyşyp görüň. Eger şu tema size gyzykly boldy diýip hasaplasaňyz, bize hat ýazyň aragatnaşyk saklamak üçin görnüşler ýa-da profile Instagram ýazyň, onsoň biz Türkmenistanda maýa goýumyna degişli tema boýunça has çuň hem çynlakaý materiallary taýýarlarys.

Eziz OWEZOW
Surat: sib.fm

Şeýle hem okaň: