Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Awstriýanyň ÝOM-leri hyzmatdaşlyk maksatnamasyny giňeldýärler

12.10.2022 | 00:45 |
 Türkmenistanyň we Awstriýanyň ÝOM-leri hyzmatdaşlyk maksatnamasyny giňeldýärler

Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Awstriýanyň Krems amaly ylymlar uniwersiteti özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meýillerini berkitdiler.

Bu resminama 10-njy oktýabr, duşenbe güni HYY we ÖU-niň rektory Esen Aýdogýýew we University of Applied Sciences Krems-iň ýerine ýetiriji direktory professor Karl Ennsfellner gol çekdiler.

Memoranduma laýyklykda, bu iki uniwersitet bilim we barlag taslamalarynda işjeň hyzmatdaşlyk eder, şol sanda talyplar bilen alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirer.

HYY we ÖU-niň öňdebaryjy daşary ýurt uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň çäginde alyp barýan halkara işi uniwersitetiň Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda ornuny ýokarlandyrmaga we mundan beýläk-de dünýäniň bilim we ylmy jemgyýetçiligine goşulyşmaga gönükdirilendir.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: