Iň täze habarlar

Agajyň sagdyn ösmegi üçin, ony nädip dogry ekmeli

10.10.2022 | 17:45 |
 Agajyň sagdyn ösmegi üçin, ony nädip dogry ekmeli

Dogry ekýäris: agajyň sagdynlygy nämä bagly bolup durýar?

Hytaý pähiminde nygtalyşy ýaly, agaç ekmegiň iň amatly wagty ýigrimi ýyl mundan ozal. Eger şonda ekilmedik bolsa, onda häzir ekmeli. Ýöne agajyň sagdyn we owadan bolup ösüp ýetişmegini nädip gazanmaly? Agajyň nahaly saýlananda nämä üns bermeli, topragy nädip dogry taýýarlamaly we ýaş nahala ilkinji idegi nähili ýagdaýda üpjün etmeli, bular hakynda biz şu makalada seredip geçeris.

Eger gürrüň şäher gurşawynda agaç ekmek hakda gitse, agajyň ekiljek ýerine we onuň töweregine üns bermeli. Ekilýän ýeriň golaýynda ýaşaýyş jaýlarynyň, lagym akymlarynyň, şäher ulgamlarynyň, turbageçirijileriň, binalaryň diwarlarynyň, pyýada ýodalarynyň, ýollaryň we hatda gatnaw ýolunyň boljakdygy hem göz öňünde tutulmalydyr.

Как правильно посадить дерево

Agaçlaryň biri-birinden nähili aralykda bolmalydygyna bildirilýän ýörite talaplar bar. Mysal üçin, ýaşaýyş jaýyndan aralyk 5 metr bolmaly, beýleki baglardan aralyk azyndan 3 metr uzaklykda bolmaly. Bu agajyň ýokarky pürüniň we kök ulgamynyň päsgelçiliksiz ösmegine mümkinçilik berýär.

Nahallary saýlap almak we daşamak

Iň gowusy nahallary agaçlaryň nahalhanasyndan — ýöriteleşdirilen dükandan saýlap almakdyr, bu ýerde size agaç nahallarynyň size gerek görnüşini saýlamaga we siziň satyn aljak bolýan ösümligiňiziň haýsy gurşawy halaýandygy barada giňişleýin gürrüň bererler.

Şunda esasan nämä üns bermeli? Ilki bilen nahal täze, arassa, gurak däl bolup görünmeli. Onda zyýankeşleriň we keselleriň yzlary bolmaly däl; pyntyklary dykyz, kesilen ýeri ýaşylymtyl bolmaly; baldagy ýylmanak, göni bolmaly, onda çat açan ýeri bolmaly däldir.

Nahalyň näçe geçiriji köki köp bolsa, şonça gowudyr. Olar çeýe, kesilen ýeri arassa hem açyk reňkde bolmaly, ösüntgüleri, garamtyl tegmiller we gury uçlary bolmaly däl, ykjam, nahalyň köki baldagyň töwereginde deň derejede ýerleşen bolmaly. Iň gowusy, esasanam, agaç uly bolsa, nahallaryň köküniň topragy bar bolany bilen saýlap almaly.

Как правильно посадить дерево

Nahal ulagda äkidilende we saklananda birnäçe düzgüne eýermek möhümdir. Açyk kökleri gowusy plastik halta salmaly we şol ýere biraz suw guýmaly. Emma şu ýagdaýda hem ýaş nahaly uzak saklamak bolmaýar, ony mümkin boldugyça tiz ekmeli. Agaçlar göçürilýän döwründe ösümlikleriň ýaşaýyş ukyby, asyl ýerinden nädip gazylyp alnandygyna, nähili ýagdaýda getirilendigine we saklanandygyna baglydyr. Bu şertler agajyň täze ýerde nädip kök urup uýgunlaşjakdygyna bagly bolup durýandyr.

Topragy taýýarlamak

Indiki ädim agajy ekmek üçin iň amatly ýeri tapmakdyr. Agaçlar çygyň uzak saklanmaýan tekiz ýerlerde gowy ösýär. Şeýle ýer ýok bolsa, ilki bilen şol ýeri tekizlemeli: toprak gatlagyny goşmaly ýa-da aýyrmaly we tekizlenen ýeri basgylap, dykyzlandyrmaly. Eger ekiljek ýeri suw basan bolsa, munuň üçin adatça keramziti, döwlen kerpiç böleklerini ýa-da daşlary ekiş çukury düýbüne goýup, olary drenaž hökmünde ulanýarlar. Onuň ýokarysyndan ýokumly dökünli gatlagy ýerleşdirýärler.

Bag ekmek üçin iň ýaramly toprak, bu agajy iýmitlendirip biljek ýumşak toprakdyr (gara toprak, toýunly ýer we şoňa meňzeşler). Deslapdan substrat garyndysyny taýýarlamazdan, çägeli ýa-da gaty dykyz toýunly toprakda agaç ekmeli däl. Ýumşadylan çägesöw topraga toýun garyp, agaç ekiljek ýeri dykyzlandyryp bolar.

PH derejesi (turşulygyň we aşgaryň deňeçerligi) hem örän möhümdir. Şol derejäniň iň gowusy 6-dan 7-ä çenlidir. Muny adaty bir lakmus kagyzyny alyp, azajyk topragy suw bilen garyp, ony şol kagyzyň ýüzüne guýup, barlap bolýar. Kagyzyň ýüzünde emele gelen reňk turşulygyň derejesini görkezer. Lakmus kagyzlaryny we onuň şkalasyny bagçylyk dükanyndan satyn alyp bilersiňiz.

Oturtma

Oturmak üçin çukuryň ululygy agajyň kök özeninden 40-60 santimetre çenli giň bolmaly. Çuňlugy barada aýdylanda bolsa, nahalyň köküniň başlanýan ýeri topragyň gyrasynda galar ýaly bolmaly. Çukuryň diwarlaryny ýapgyt etmeli, düýbüni bolsa, ozal ýatlap geçişimiz ýaly, kök ulgamynyň gowy ösmegi üçin tekizläp, ýaramly gum düşegini ýazmaly.

Как правильно посадить дерево

Agronomlar çukur gazylanda ýeriň ýokarky gatlagyny bir gyra goýmagy maslahat berýärler. Hasylly gatlak ýeriň 20-30 santimetr ýokary derejesinde bolansoň, bu ýaramly, iýmitlendiriji toprak. Soňra oňa täze toprak goşmaly, iki topragy garyşdyryp, şol toprak bilen nahal oturdylan çukury gömmeli.

Eger kökler çolaşyk bolsa, olary uzynlygyna kesmek maslahat berilýär, bu täze kökleriň emele gelmegine ýardam eder. Oturtmazdan bir sagat öň kökleri suwa salnyp goýulýar, getirilen mahaly zeper ýeten kökler aýrylýar. Soňra olar düzedilýär, çukurdaky içinde ýaýbaň edilip oturdylýar, soňra çukury toprak bilen doldurylýar we seresaplylyk bilen dykyzlandyrylýar. Agajyň çukurynyň ululygyna görä, onuň gyrasy 15 santimetr beýiklikde gum üýşürilip aýlanýar we oňa suw (bir-iki bedre) guýulýar. Nahallar uly bolsa, olaryň demirgazyk tarapyndan seresaplylyk bilen söýe oturdyp, agajy oňa daňyp goýýarlar.

Agajyň gowy ösmegi üçin, kölegesiz gün şöhlesiniň köp düşýän ýerini saýlaň. Demirgazykdan jaýyň diwary, haýat we ş.m. görnüşinde gorag bolsa has gowusydyr. Oturtmak isleýän agajyňyzyň ekjek bolýan meýdanyňyzda azyndan 5-6 ýyllap ösmändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Öňki agaçlar eýýäm toprakdan özüne gerek bolan peýdaly düzümleri alandygy sebäpli, mör-möjekler we keseller şol ýerde galýar, olar şonuň ýaly baglar bu ýerde täzeden peýda bolan badyna, derrew işjeňleşmek bilen bolýarlar.

Ideg

Oturdylandan soň, agaja dogry ideg etmeli: topragy kislorod bilen doldurmak üçin ýeri ýumşadyp durmaly, täze ýerde onuň ilkinji üç ýylyny, esasan hem, tomus aýlary yzygiderli suwaryp durmaly. Suwaryş üçin zerur bolan suwuň mukdary bagyň ömrüniň bir ýylyna 10 litr mukdarda alynýar (mysal üçin, agaç 5 ýaşynda bolsa, bir suwaryş üçin 50 litr gerek bolar).

Как правильно посадить дерево

Pürlerini kesmek ösümlikleriň ideginiň möhüm bölegi bolup durýar, ol ähli ýapraklara ýeterlik derejede ýagtylyk düşer ýaly edilýär. Tomusda haşal otlary azyndan dört gezek aýryp, otamagy ýatdan çykarmaň. Ýaş nahallaryň güne ýanmazlygy üçin (tomusda-da, gyşda-da), agajyň baldagy tutuşlygyna aklanmalydyr.

Agajyň baldagynda, köküň ýokarysynda gapdal baldaklary peýda bolan halatynda, olar agajyň ösmegine bökdençlik döretmezligi üçin, olary kesmeli. Goşmaça iýmitlendirmekden saklanyň - zerur iýmitleniş agaç oturdylanda berlendir. Baga dogry we yzygiderli ideg edilmegi, onuň diňe bir öndürijiliginiň ýokarlanmagyny üpjün etmän, eýsem agaçlaryň ömrüni uzaldýar, saglygyny we özüne çekijilik görnüşini saklaýar.

Peýdaly maslahatlar:

  • Uly agaçlaryň kök ulgamy ep-esli meýdany eýeleýär. Nahal entek ösüp barýarka, agajyň düýbüni gazman, köküni pil bilen onuň ýaýran köklerini kesmeli. Şeýlelik bilen, onuň köki çukuryň içinde özbaşdak ykjam ulgamy emele getirýär. Bu görnüşde taýýarlanan agaçlar göçürilen mahalam kynçylygy az möçber başdan geçirýärler we gowy kök urýarlar.

  • Toprakly köküni saklamak üçin, ony ganarlyk mata ýa-da demirden tora gaplamaly, oturdylanda olary hökman aýyrmaly ýa-da kesmelidir. Köki toprakly bolan agaçlary ýylyň islendik wagty oturdyp bolýar.

  • Ýalaňaç kökli nahallary oturtmagyň iň amatly wagty bahar pasly (aprel aýynyň ahyry - maý) we güýzde (sentýabr-oktýabr).

  • Eger köki toprakly agajy gyşda ekmegi meýilleşdirýän bolsaňyz, onuň çukuryny güýzde gazyp goýuň we onuň içine ýonuşga ýa-da ders bilen dolduryp, sowukdan goraň. Ýer doňmazdan ozal oturdyljak çukury taýynlap goýuň — çukura guýuljak toprak ýyly otagda saklanmaly ýa-da sowuk bolsa-da, ol gury bolmalydyr.

  • Agaç oturdylyp, toprak bilen örtülenden soň, topragyň derejesi köküň başlaýan (köküň baldaga öwrülýän ýeri) ýerinden ýokary geçmeli däldir.

  • Oturtmazdan ozal baldagy ýagşy gözden geçiriň – şunda onuň garamtyl we açyk reňkli tarapyny görersiňiz. Garamtyl tarapy adatça günorta, açyk reňkli tarapy bolsa onuň demirgazyk ýüzidigini aňladýar. Agajyň has çalt kök urmagy we täze ýerde az täsirleri başdan geçirmegi üçin, ony şeýdip hem ekmeli: garamtyl tarapyny günorta, açyk reňkli tarapyny hem demirgazyga tarap bakdyryp oturtmaly.

Bag-bakjalar bize oňyn duýgulary getirmegi üçin, olar sagdyn bolmaly. Agaç alňasamagy halamaýar we geleňsizligi bagyşlamaýar: howlukmaň we esasy agrotehniki kadalary berjaý ediň.

ORIENT

Şeýle hem okaň: