Iň täze habarlar

Aşgabat we Doha Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara saparyny meýilleşdirýär

09.10.2022 | 04:26 |
 Aşgabat we Doha Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara saparyny meýilleşdirýär

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Katara saparyny guramak mümkinçiliklerine anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda garaldy. Bu mesele Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew we Katar döwletiniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammet Meshel Al-Otaibi bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

– Diplomatlar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejede aragatnaşyklaryň möhümdigini bellediler. Duşuşykda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Aşgabat we Doha Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara saparyny meýilleşdirýär

Kataryň Daşary işler ministrliginiň bu duşuşyk baradaky habarynda wagtlaýyn wekiliň ministriň orunbasaryna Kataryň emiri Tamim bin Hamad Al Taniniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklara, olary goldamagyň we ösdürmegiň ugurlaryna degişli habaryny gowşurandygy aýdylýar.

ORIENT news
Foto: ORIENT/Süleýman Çaryýew we www.mofa.gov.qa

Şeýle hem okaň: