Iň täze habarlar

Türkmenistan suwuklandyrylan gazyň önümçiligini ýokarlandyrar

02.10.2022 | 04:13 |
 Türkmenistan suwuklandyrylan gazyň önümçiligini ýokarlandyrar

"Türkmengaz" döwlet konserni suwuklandyrylan gazyň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn alar. Bu karara anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi diýip, TDH ýazýar.

Resminama laýyklykda, Bagajan toplumy täze enjamlar ornaşdyrylyp hem-de döwrebaplaşdyrylyp, gazy arassalamak we STG öndürmek üçin doly güýje girer. Bu şol bir meýdandan mawy ýangyjyň önümçiligini ýokarlandyrmaga goşant goşar.

Türkmenistan tarapyndan öndürilen suwuklandyrylan gaz, ýurduň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) uly islege eýe. Türkmen biržasyndaky STG-niň bir tonnasynyň bazar bahasy ortaça $500.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: