TDHÇMB-niň söwdalary: 100 tonna polietilen eksporta ýerlenildi
23.09.2022 | 06:35 |Çarşenbe güni, 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $122 müň bolan geleşikler baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Şweýsariýanyň we Owganystanyň wekilleri umymy bahasy $112 müň bolan TPP Z 30 G görnüşli polietileniň jemi 100 tonnasyny satyn aldylar. Işewürler harydyň bir tonnasyny $1 220 bilen bahalandyrdylar. Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news
Foto: polimer.ltd