II Hazar ykdysady forumy 5-6-njy oktýabrda Moskwada geçiriler

II Hazar ykdysady forumy 5-6-njy oktýabrda Moskwada geçiriler

Russiýanyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow Moskwada oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen II Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirdi. Bu barada Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Çäre Moskwanyň manežinde Russiýa Federasiýasynyň hökümet baştutany Mihail Mişustiniň, Hazar sebiti ýurtlarynyň bäşisiniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilip, olar hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Çäräniň esasy gününiň başlanmazynyň öň syrasyndaky maksatnamada resmi wekiliýetleriň Moskwanyň şäher infrastrukturasynyň birnäçe desgalaryna baryp görmegi meýilleşdirildi, şolaryň barşynda Russiýanyň paýtagtynda “Akylly şäher” ulgamynyň düzümleriniň netijeli durmuşa geçirilişini hem-de işleýşini görkezmek maksat edinilýär.

Forumyň maksatnamasy “ýaşyl ykdysadyýet” we durnukly ösüş, ulag we logistika, energetika we syýahatçylyk, ykdysady, ylmy, medeni hyzmatdaşlyk ulgamlarynda wajyp meseleleriň giň toplumyna degip geçer.

Çäräniň ilkinji gününde, 5-nji oktýabrda tegelek stollar geçiriler. Onuň gün tertibine: “Hazar sebiti uly Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň bölegi hökmünde: täze çagyryşlar we ösüş mümkinçilikleri”, “Ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk”, “Ýaşaýyş-durmuş we işewürlik üçin oňaýly gurşaw”, “Hazar hyzmatdaşlygy – saglygy we ykdysadyýeti ýokançlardan goramak” baradaky meseleler girizildi.

Şeýle hem Hazaryň howa akymy boýunça meselelerine hem-de deňiz ýakasyndaky bäş ýurduň energetikasyndaky taslamalaryna, ylmy diplomatiýanyň öňe ilerledilmegine, syýahatçylyk we medeni mirasy gorap saklamak ulgamyndaky hyzmatdaşlyga garalar. HYF-iň çäklerinde ýaşlaryň telekeçiligi we innowasion ösüş boýunça Hazar forumy geçiriler. Onuň maksady ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary ýola goýmakda bäş ýurduň telekeçilerine ýardam bermekden, iň oňat taslamalary öňe ilerletmek we tejribe alyşmak üçin gatnaşyjy ýurtlaryň işewürleriniň wekillerine aragatnaşyk meýdançasyny döretmekden ybaratdyr.

Şeýle hem Hazarýaka ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň “Işewür Hazar” diýen işewürlik hyzmaatdaşlygynyň halkara geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Moskwanyň hökümeti şäherleriň hem-de sebitiň munisipal birleşmeleriniň merleriniň amaly maslahatyny geçirer.

Forumyň ikinji gününde, 6-njy oktýabrda II Hazar ykdysady forumyna gatanaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň gysga düzümdäki duşuşygy bellenildi. Olar 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitiniň netijeleri bilen baglylykda, esasy ugurlarda özara gatnaşyk etmegiň ileri tutulýan ýörelgelerini ylalaşarlar. Mejlisiň netijeleri boýunça resminamalara gol çekiler.

II Каспийский экономический форум в Москве пройдет 5-6 октября

I Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda türkmen Awazasynda geçirilipdi. Çäre Hazarýaka ýurtlarynyň bäşisiniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ykdysadyýetleriniň öňde baryjy wekillerini bir ýere jemledi.

Rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy, RF-niň premýer-ministri Dimitri Medwedew forumyň günlerinden şunuň ýaly indiki duşuşygyň 2021-nji ýylda Astrahanda geçiriljekdigini aýdypdy. Emma koronawirus pandemiýasy sebäpli II HYF-iň geçirilmegi Moskwada guralmaga üýtgedildi. Ony Hazar deňziniň Halkara gününde, 2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirmek barada çözgüt kabul edildi, emma bu möhlet hem yza süýşürilipdi.

ORIENT news