Iň täze habarlar

Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizdi

14.09.2022 | 19:38 |
 Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizdi

Türkmen tarapynyň haýyşy boýunça Türkiýäniň hökümeti Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizdi, bu sebäpli türkmen paýtagtynda täze wiza merkezi işläp başlady – diýip, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda ORIENT-e habar berdiler.

Wiza merkezi G. Kulyýew köçesiniň 88-nji jaýynda (Nowruz Haly binasy) ýerleşýär. Türkmenistanlylaryň Türkiýä dürli maksatly wiza almagy üçin zerur bolan resminamalarynyň sanawy bilen şu salgydan tanyşyp bilersiňiz.

Wagtlaýyn wiza düzgüni 2022-nji ýylyň 14-nji sentýabryndan girizildi. Türkmen raýatlary iş, syýahatçylylyk, talyp, işewürlik we üstaşyr wizalary, şeýle-de medeni ýa-da sport çärelerine gatnaşmak we Türkiýede lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin wizalary açdyryp bilerler. Wizalaryň görnüşi boýunça resminamalaryň sanawy üýtgäp biler.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölümi hem wiza berip biler, emma hyzmatyň hilini we tizligini ýokarlandyrmak üçin aýratyn wiza merkezini açmak karar edildi.

Wiza merkezine kabuk edişlige şu salgyda ýazylyp bilersiňiz. Has giňişleýin maglumaty gatewayinternational.com.tr saýtyndan, +993 (12) 40-02-12 telefon belgisi we helpline.turkmenistan@gateway.com.tr elektron poçta arkaly alyp bilersiňiz.

ORIENT news

Şeýle hem okaň: