Iň täze habarlar

Türkmenistandan daşyna uçanyňyzda, nämeleri göz öňünde tutmaly

23.06.2022 | 17:58 |
 Türkmenistandan daşyna uçanyňyzda, nämeleri göz öňünde tutmaly

Uçuşdan öňürti anketa doldurmalydygyny hemmeler bilenok. “Bu ýerde näme ýazmaly? A ol ýerde?” diýen soraglara jogap gözläp, çemodan bilen sorag-jogap gullugynyň arasynda başagaý bolup ýörmez ýaly, anketany öňünden öýe alyň we howa menziline gelen badyňyza gowşurar ýaly, gyssanman, rahat ýagdaýda dolduryň.

Anketa ýönekeý, üç dilde (türkmen, rus we iňlis) ýazylan, şonuň üçin kynçylyk bolmaz.

Что нужно учесть, вылетая из Туркменистана за рубеж

Iň aňsat ýeri – anketanyň başy. Ol ýerde öz adyňyzy, familiýaňyzy, ataňyzyň adyny we doglan senäňizi görkezmeli. Erkek jyns ýa-da aýal – degişlisini saýlaň.

Soňra, ykjam ýerde bukulgy duran aýawly saklaýan pasportyny we uçar petegini çykarmaga mejbur edýän we adamlarda, düzgün bolşy ýaly, aljyraňňylyk döredýän soraglar başlanýar. Anketada raýatlyk, uçuş belgisi, orny, uçýan ýurdy we uçuş senesi baradaky maglumatlary görkezmeli. Şeýle hem, pasportyň belgisini, berlen senesini ýazmaly.

Soňra “bellige alnan salgysy” diýlen setire ýeteniňizde, sizde sorag ýüze çykmagy mümkin: “Nämäniň ýa-da kimiň bellige alnan salgysy? Özümiňmi ýa-da pasportymyň?”

Howsala düşmegiň geregi ýok – ol setirde ýazgy boýunça öz salgyňyzy ýazyň: ýurt, şäher, etrap, köçe, jaý, öý we ş.m.

Soňra siz geljekki 7 gün içinde ýaşajak salgyňyz barada maglumaty görkezmeli - ýurt, şäher, etrap, köçe, jaý, öý we ş.m.

Anketada mümkin bolan otelde ýaşamak ýagdaýy barada hiç zat görkezilmändir, emma siz haýsy otelde saklanjakdygyňyzy anyk bilýän bolsaňyz, şony-da görkezmek bolar diýip, hasaplaýarys.

Indi bolsa – üns beriň! Soraglaryň indiki tapgyry aýratyn ünsi talap edýär, sebäbi bu siziň saglygyňyz bilen bagly bolup, maglumatlaryň ýoklugy saparyňyzy ýatyryp biler.

OL – “Siz uçuşdan öňki 48 sagat içinde COVID-19 barlandyňyzmy?” diýen sorag. Jogaby “Howwa” ýa-da “Ýok” . Degişlisini saýlamaly.

Emma, bu hemmesi däl. Siz test barlagyny geçiren lukmançylyk edarasynyň adyny, barlagyň geçirilen senesini, görnüşini we netijesini görkezmeli ( “Položitel” ýa-da “Negatiw” , degişlisini görkezmeli.

Ýöne, ýatdan çykarmaň: anketada barlag baradaky maglumatlary ýazanyňyz ýeterlik däl, ýanyňyzda kepilnamalaryň nusgalary bolmaly.

Kepilnamalaryň nusgalarynyň barýan ýurduňyzda hem gerek bolup biljekdigini göz öňünde tutuň, şol sebäpli, olary ýanyňyza artygy bilen alyň.

Soňunda siz aşakda getirilen tekstde öz adyňyzy, familiýaňyzy we ataňyzyň adyny görkezmeli:

“Men ____, özümiň beren maglumatlarymyň doly we dogrulygyny tassyklaýaryn we şahsy maglumatlary gaýtadan işlemäge razylyk berýärin. Barýan/gelýän ýurdumyň çäklendirmeleri boýunça maglumatlary we düzgünleri bilen tanyşdym we düşündim. Bilgeşleýin ýalan maglumatlaryň berilmegi bilen baglanşykly jogapkärçiligi kabul edýärin.”

Bu aňsat, tekstde öz adyňyzy, familiýaňyzy we ataňyzyň adyny ýazmaly. Ýöne, “...bilgeşleýin ýalan maglumatlaryň berilmegi bilen baglanşykly jogapkärçilik” baradaky resminama gol çekýändigiňizi unutmaň.

“...barýan/gelýän ýurduňyzyň çäklendirmeleri boýunça maglumatlary” bilen ýene bir gezek tanyşmak zyýan etmez, sebäbi maglumat bilimdir, biziň döwrümizde bolsa, bilim müňlerçe gapyny açýar.

Anketanyň 5 nusgada doldurylmalydygyna üns beriň, şonuň üçin öňünden öýde doldurmak has dogry bolar.

Howa menzilinde garaşylmadyk aladany ýüze çykaryp biljek ýagdaý barada hem aýtmakçy. Eger siziň çemodanyňyz ýa-da sumkaňyz ýörite gulp bilen ýapylýan bolsa, siz olary hiç hili kynçylyksyz bagaža tabşyryp bilersiňiz. Gulplanmaýan bolsa, olaryň daşyny gaplamaly bolar. Bu hyzmat howa menzilinde ýerine ýetirilýär, ýöne biraz wagt alar.

Şonuň üçin, bellenen wagta bir minut galanda gelmek endiginden dynyp bilmän ýörenler howa menziline biraz irräk gelmeli bolar.

Iň soňunda – esasy zat barada: size rahat uçuş, gowy dynç alyş we berk jan-saglyk arzuw edýäris.

Что нужно учесть, вылетая из Туркменистана за рубеж

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Şeýle hem okaň: