Iň täze habarlar

“Türkmen Expo” hususy kärhanasy çagalar üçin harytlary satýan dükanlary we okuw merkezlerini işewürlik duşuşygyna çagyrýar

11.06.2024 | 09:37
“Türkmen Expo” hususy kärhanasy çagalar üçin harytlary satýan dükanlary we okuw merkezlerini işewürlik duşuşygyna çagyrýar

2024-nji ýylyň 19-22-nji awgustynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi ýarmarkasy geçiriler. “Türkmen Expo” hususy kärhanasy bu çäräniň guraýjylarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmen Expo” hususy kärhanasy çagalar üçin harytlar we hyzmatlar ulgamynda ýöriteleşen telekeçiler üçin işewürlik duşuşyklaryny yzygiderli geçirýär. Olaryň nobatdakysy 8-nji iýunda “Arkaç” işewürlik merkeziniň ikinji gatynda, “Iş nokady” merkezinde sagat 11:00-13 :00-dan geçiriler.

Işewürlik duşuşyklarynda çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň sergi ýarmarkalarynyň gatnaşmagyň netijeli usullary we bu ugurda işewürligi ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Kompaniýanyň bilermenleri milli we halkara derejelerde çagalar üçin önümleri we hyzmatlary ilerletmegiň guraly hökmünde sergilere gatnaşmak boýunça bilimlerini we tejribelerini paýlaşarlar. Mundan başga-da serginiň çäklerinde geçiriljek goşmaça çäreler ara alnyp maslahatlaşylar.

Gatnaşmak üçin orunlar çäkli.

Goşmaça maglumat almak üçin info@turkmenexpo.com elektron salgysy ýa-da +99362006200 telefon belgisi boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

ORIENT news