«Türkmenistan» awiakompaniýasy «uçarman» hünäri boýunça okuwlara dalaşgärleri kabul edýär
06.04.2024 | 12:31«Türkmenistan» awiakompaniýasy dalaşgärleriň saýlap almak esasynda Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa Birleşiginiň uniwersitetine kabul edilýändigini yglan edýär. Okuwlar awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barlar (ylalaşyk esasynda).
Hünär: uçarman
Resminamalary tabşyrmagyň möhleti: 2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan 31-nji maýyna çenli
Resminamalary ýaşy 25-den geçmedik, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Lukmançylyk merkeziniň talaplaryna laýyklykda saglyk barlagyndan geçen oglanlar tabşyryp bilerler.
Seçip almaklyk giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda alnyp barylýar.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar barada has anyk maglumatlar «Türkmenhowaýollary» agentliginiň saýtynda elýeterlidir.
ORIENT news