“Hazar” konsorsiumy ýörite tehnikalary ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan edýär
11.03.2024 | 22:53“Türkmen Milli Nebitgaz Kompaniýasy” ÝPGJ-dan we “Mitro International Limited” kompaniýasyndan ybarat bolan, “Hazar” şertnamalaýyn çäk babatda Önümi paýlaşmak baradaky şertnamana laýyklykda iş alyp barýan “Hazar” konsorsiumy ýörite awtoulag serişdeleriniň ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek üçin aşakdaky ýüztutma boýunça bazary öwreniş soraşdyrmasyny geçirýär:
Ýüztutma №224 26.01.2024 22.02.2024 senesindäkt ýüztutmanyň üýtgedilen görnüşi — ýörite awtoulag serişdelerini ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek.
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
• dalaşgär ygtyýarly adamlaryň goly bolan, kompaniýanyň möhri bilen tassyklanan, habarlaşmak üçin maglumatlar we elektron poçtanyň salgysy görkezilen resmi blankada erkin görnüşde taýýarlanan ýüztutmany aşakda görkezilen elektron salga ugratmaly;
• Türkmenistanda telekeçiler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolmaly we şahadatnamasynyň nusgasyny görkezmeli.
Ýüztutmalar 2024-nji ýylyň 6-njy apreline çenli (ýerli wagt bilen 18:00-a cenli) çenli kabul edilýär.
Maglumatlary ibermek, ýüztutmanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de almak işleri elektron poçtasy bilen ýa-da aşakdaky salgy boýunça amala aşyrylýar:
745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumynyň edara binasy.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 61 76-54-88
+993 61 88-22-95.
Elektron salgylary:
sergey.radko@mitromos.com
igor.cavochkin@mitromos.com
ORIENT news