Beýik Britaniýanyň Işewürlik we söwda ministrligi türkmen kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar
05.03.2024 | 16:31Beýik Britaniýanyň Işewürlik we söwda ministrligi tehnologiýalary ýaýratmak boýunça dünýä bazaryna çykmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalary gözleýär.
Bu näme berýär?: Siz Beýik Britaniýada özbaşdak işiňizi işe girizmek üçin şahsy maksatnamany alýarsyňyz hem-de mahabat bildirişleri arkaly tanalýarsyňyz.
Beýik Britaniýada kompaniýa açmak nämä gerek?: Bahasy 1 trillion amerikan dollaryna barabar, gülläp ösýän tehnologiýa gurşawynyň hasabyna Beýik Britaniýa tehnologiýa kompaniýalara özleriniň taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.
Arzany kim tabşyryp bilýär?: Emeli intellekt, maglumat howpsuzlygy, birikdirilen we awtomatik mobillikli tehnologiýalar (CAM) we sanly söwda üçin çözgütler ugurlarynda iş alyp barmaga ýöriteleşen kompaniýalar arzalaryny tabşyryp bilerler.
Arzalar 1-nji martdan 30-njy aprele çenli kabul edilýär.
Has giňişleýin maglumaty almak üçin şu salga aralaşyň.
ORIENT news