«Hemişelik Bitaraplyk – dost–doganlyk binýady» atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi
02.12.2023 | 12:00Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherindäki hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky teatrlarda «Hemişelik Bitaraplyk – dost–doganlyk binýady» atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler.
6–12–nji dekabr aralygynda geçiriljek hepdeligiň dowamynda görkeziljek sahna eserleri:
6–njy dekabr:
15:00 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus dramaturgy Mihail Sadowskiniň «Maşa we aýy» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda özbek dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinler» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda daşary ýurt dillerinde taýýarlanan «Dostluk nagmalary» atly aýdym–sazly konserti;
19:00 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda başgyr dramaturgy Mustaý Kerimiň «Akýigit we Zümerret» atly sahna oýny;
19:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dramaturgy Georgiý Hugaýewiň «Andro we Sandro» atly sahna oýny;
19:00 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda rus dramaturgy Aleksandr Wampilowyň «Myhmanhanadaky başagaýlyk» atly sahna oýny görkeziler.
7–nji dekabr:
15:00 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus dramaturgy K.Meşkowyň «Bir towşanjyk bar eken» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda özbek dramaturgy R.Ezizhojaýewiň «Giýewleriň bäsleşigi» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Bitaraplyk binýady – köňülleriň joşguny» atly türkmen we daşary ýurt nusgawy aýdymlaryndan düzülen konsert;
19:00 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda tatar dramaturgy Zaki Zaýnulliniň «Alty gelin» atly sahna oýny;
19:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda tatar dramaturgy Zaki Zaýnulliniň «41–iň zenanlary» atly sahna oýny;
19:00 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek dramaturgy Nurullo Abbashanyň «Täze gelin» atly sahna oýny görkeziler.
8–nji dekabr:
15:00 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň «Balykçy we balyjak» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda rus dramaturgy Aleksandr Wolodiniň «Hoşlaşasym gelenok» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly sahna oýny;
18:00 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaşlaryň gatnaşmagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar parahatçylygyň waspçylarydyr!» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat;
19:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dramaturgy L.Razumowskaýanyň «Topraksyz baglyk» atly sahna oýny;
19:00 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly sahna oýny görkeziler.
9–njy dekabr:
12:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dramaturgy Mihail Sadowskiniň «Maşa we aýy» atly sahna oýny;
15:00 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda azerbaýjan dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň «Arşyn mal alan» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Hindi rowaýaty» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda özbek dramaturgy Sanjarali Imanowyň «Super gaýynene» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda özbek dramaturgy Hoja Abbasyň «Gyzyl alma» atly sahna oýny;
19:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus ýazyjysy Aleksandr Nikolaýewiç Ostrowskiniň «Gurtlar we goýunlar» atly sahna oýny;
19:00 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» atly sahna oýny;
19:00 – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda özbek dramaturgy Nurullo Abbashanyň «Körpe gelin» atly sahna oýny görkeziler.
10–njy dekabr:
11:00, 13:00 A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dramaturgy Tamara Gabbeniň «Zoluşka» atly sahna oýny;
15:00 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Külbejik» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda ispan dramaturgy Karlo Goldoniniň «Iki hojaýynyň hyzmatkäri» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda rus ýazyjysy Nikolaý Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň «Hüwdi» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda rus dramaturgy Aleksandr Wampilowyň «Myhmanhanada» atly sahna oýny;
19:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dramaturgy Sergeý Belowyň «Naýbaşy ýigit» atly sahna oýny;
19:00 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Pawlowiç Çehowyň «Söz aýdyş» atly sahna oýny;
19:00 – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda rus dramaturgy Aleksandr Wampilowyň «Myhmanhanada» atly sahna oýny görkeziler.
11–nji dekabr:
15:00 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Towşanjygyň öýi» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda özbek dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinler» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda daşary ýurt dillerinde taýýarlanan fransuz dramaturgy Ž.B.Molýeriň «Haltadaky husyt» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly Serwim» atly sahna oýny;
19:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dramaturgy Andreý Wasilýewiň «Uýalar» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda rus dramaturgy Aleksandr Wampilowyň «Myhmanhanada» atly sahna oýny;
19:00 – Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Ene toprak» atly sahna oýny;
19:00 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda özbek dramaturgy Şaraf Başbekowyň «Demir aýal» atly sahna oýny görkeziler.
12–nji dekabr:
12:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dramaturgy Korneý Iwanowiç Çukowskiniň «Lukman Aýbolit» atly sahna oýny;
15:00 – Türkmen döwlet gurjak teatrynda arap ertekisiniň esasynda «Alauddin» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda iňlis dramaturgy Wilýam Şekspiriň «Romeo we Julýetta» atly sahna oýny;
19:00 – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Bitarap Watanym – bagtyýar ýurdum» atly daşary ýurt dillerinde taýýarlanan konserti;
19:00 – Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň «Oskar» atly sahna oýny;
19:00 – A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Halklaryň dostlugy» atly aýdym–sazly tomaşa;
19:00 – Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýapon dramaturgy Dzýunzi Kinositanyň «Durna umydy» atly sahna oýny;
19:00 – Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Bitaraplyk owazlary» atly aýdym–sazly tomaşa;
19:00 – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ýapon dramaturgy Dzýunzi Kinositanyň «Durna ýelekleri» atly sahna oýny görkeziler.
ORIENT news