23-25-nji ýanwarda «Berkarar» kinoteatrynda filmleriň görkezilişi
24.01.2023 | 22:333-nji ýanwardan 25-nji ýanwar aralygynda «Berkarar» kinoteatry Gaý Riççiniň aňtawçylyk trilleri žanrynda düşürilen «Fortuna Operasiýasy: Ýeňmek sungaty» çeper filmine, iňlis ýazyjysy Terri Pratçettanyň romanynyň esasynda surata düşürilen «Ajaýyp Morris» başdan geçirmeler multfilmine, 2019-njy ýyldaky «Pyçagy çykarmak» kinaýaly detektiwiň dowamy bolan «Pyçagy çykarmak 2: Altyn düýp sogan» – filmine tomaşa etmege çagyrýar.
Tomaşaçylar şeýle hem 2022-nji ýylyň «Menýu» atly amerikan gülküli filmine tomaşa edip bilerler.
Ähli görkezişleriň tertipnamasy suratda görkezilendir (mobil wersiýada ulaltmak üçin ýüzüne basmaly).
Biletleriň bahasy: 30 manatdan 50 manada çenli.