Inžener we kompýuter grafikasy boýunça halkara olimpiadanyň netijeleri mälim edildi


Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan inžener we kompýuter grafikasy dersinden geçirilen halkara internet olimpiadasynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň 6-sy altyn medala eýe boldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Habar berlişine görä, birinji orna jemi 16 talyp eýe boldy. Şolaryň içinde Baltika döwlet tehniki uniwersitetiniň, Moskwanyň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň, Russiýanyň Tehnologiýa uniwersitetiniň (MIREA), Russiýanyň Döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň, K.A.Timirýazew adyndaky Moskwanyň oba hojalyk akademiýasynyň, A.N.Tupolew adyndaky Kazanyň milli ylmy-barlag we tehniki uniwersitetiniň, M.F.Reşetnikow adyndaky Sibiriň döwlet ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary bar.
Türkmenistandan ýeňijileriň arasynda Hangeldi Hümmedow we Döwlet Orazgeldiýew (Türkmen oba hojalyk instituty), Bagtyýar Ereşow we Akmuhammet Taganow (Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary), Baýrammämet Nyýazow (Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty) we Seýran Amangeldiew (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty) bar.
Intellektual çempionata Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň 20 ýokary okuw mekdebiniň wekilleri gatnaşdy. Synag döwründe gatnaşyjylar “Autocad”, “Kompas-3d”, “Autodesk Inventor”, “Solidworks” programmalaryny ulanyp, 240 minutda 3D modellerini döretdiler.
ORIENT news








