Keýt Forbs Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarym Aý jemgyýetlerine ýolbaşçy boldy


ABŞ-ly Keýt Forbs Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarym Aý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň ýolbaşçylygyna saýlandy. Bu barada guramanyň metbugat beýanatynda mälim edilýär.
Forbs bu guramanyň taryhynda saýlanan ikinji zenan boldy. Ol Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarym Aý jemgyýetlerine 4 ýyllap ýolbaşçylyk eder. Ýöne bu möhlet milli federasiýalaryň ses bermeginde uzaldylyp bilner.
“Häzir jemgyýetimizi mundan beýläk-de pugtalandyrmak we wezipelerimizi durmuşa geçirmek üçin binýatlaýyn ýörelgelerimizi ösdürmegiň tüýs wagty” diýip, Keýt Forbs belledi.
Keýt Forbsyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarym Aý jemgyýetleriniň düzümlerinde 40 ýyldan gowrak iş tejribesi bar. Ol bu guramalaryň müdirýetlerinde 17 ýyldan bäri agzadyr.
ORIENT news








