HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Helsinki şäheriniň köçelerinde eltip bermek hyzmatyny hödürleýän geň robot hereket edýär

Dekabr 13, 2023 | 14:54 |9127
Kiçiräk ýük ulagyna çalymdaşlyk edýän robotyň iki gözi we aýratyn şkaflary bar.Kiçiräk ýük ulagyna çalymdaşlyk edýän robotyň iki gözi we aýratyn şkaflary bar.
Çeşme: newatlas.com

Kiçiräk ýük ulagyna çalymdaşlyk edýän robotyň iki gözi we aýratyn şkaflary bar.

"HeRo" diýlip atlandyrylýan özi hereket edýän bu robotlar Helsinkiniň ýaşaýjylaryna hyzmat edýär. Bu barada "New Atlas" neşiri habar berýä. Onuň ady "Helsinki Robot" adynyň gysgaldylan görnüi bolup, ol fransuz robototehnologiýa kompaniýasy tarapyndan öndürilipdir.

Dört tigirli we awtomatik hereketlenýän robot 300 kilograma çenli ýüki daşap bilýär, onuň iň ýokary tizligi sagatda 25 kilometre ýetip, çalşylýan litiý batareýasy bir wagtda 20 kilometre çenli ýoly geçmäge mümkinçilik berýär. Eltip bermek hyzmatyny hödürleýän beýleki tigirli robotlaryň köpüsi ýaly, ol ýolda päsgelçiliklerden gaça durmak we öňüni almak üçin GPS we bort datçikleriniň utgaşmasyny peýdalanýar.

"HeRo-nyň" ulanyp boljak göwrümi 900 kub metre barabar bolup, olbirbada birnäçe müşderiniň sargytlary saklanýan aýratyn bölümlere bölünýär. Her bir müşderi öz smartfonyndaky programmany ulanyp diňe sargyt öýjügini elektron görnüşinde açyp biler.

2 (22).jpg

Maý - awgust aýlarynda robot şäher ammaryndan ýakyn gurluşyk meýdançalaryna serişdeleri eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirdi.

Şol synag taslamasynyň ikinji tapgyrynda "HeRo" Helsinkiniň ýaşaýjylarynyň satyn alan zatlaryny öýlerine eltip bermek hyzmatyny hödürläp başlady. Programmany ulanyp, müşderiler birnäçe dükandan haryt saýlap, ony robotyň üsti bilen getirdip bilerler.

Goşmaça bonus hökmünde "HeRo" müşderilere satyn alan harytlaryny almaklaryna kömek etmek üçin sintetiki ses ulanýar.

Taslama Helsinkiniň "Forum Wirium Helsinki" innowasiýa kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar we "URBANE" atly Ýewropa Bileleşiginiň has uly taslamasynyň bir bölegidir. Geljek ýylyň ýazynda täze tapgyrda täze robot arkaly eltip bermek hyzmatynyň ugurlaryny sazlamak ulgay öwreniler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026
Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

Kiýewde Magtymgulynyň şygryýet günleri geçirildi

15:52 Iýun 24, 2026
Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

Izmirde 12-nji halkara Future Fish Eurasia sergisi geçiriler

15:48 Iýun 24, 2026