HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjan türkmen we gazak deňiz portlaryny Rumyniýa bilen özara baglanyşdyrar

Dekabr 13, 2023 | 12:52 |7516
Azerbaýjanyň “ADY Container” kompaniýasy we “COSCO SHIPPING Lines” kompaniýasy Türkmenbaşy we Aktau portlaryndan Rumyniýanyň Konstansa portuna ýükleri daşamakda durnukly ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň üstünde işleýärler.Azerbaýjanyň “ADY Container” kompaniýasy we “COSCO SHIPPING Lines” kompaniýasy Türkmenbaşy we Aktau portlaryndan Rumyniýanyň Konstansa portuna ýükleri daşamakda durnukly ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň üstünde işleýärler.
Çeşme: qha.com.tr

Azerbaýjanyň “ADY Container” kompaniýasy we “COSCO SHIPPING Lines” kompaniýasy Türkmenbaşy we Aktau portlaryndan Rumyniýanyň Konstansa portuna ýükleri daşamakda durnukly ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň üstünde işleýärler. Bu barada “Kirim” habarlar agentligi mälim edýär.

Habarda bellenişi ýaly, bu ugur boýunça ýükleri demir ýol we deňiz ýollary arkaly bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Azerbaýjan kompaniýalary Hazar deňzi arkaly türkmen we gazak deňiz portlaryndan konteýner ýükli demir ýol düzümleri alyp, demir ýol arkaly Gruziýanyň Batumi portuna we ol ýerden hem deňiz ýollary arkaly Konstansa daşar.

Batumi we Konstansa portlary aralygyna ýükler “COSCO SHIPPING Lines” kompaniýasynyň gämileri arkaly daşalar.

Häzirki döwürde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýükleri üstaşyr geçirmek boýunça ägirt uly kuwwatlyklara eýedir. Bu ýerde döredilen infrastruktura toplumy Gündogar – Günbatar, Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça ýükleri üstaşyr geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026