Habarlar

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumy açyldyAşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumy açyldy

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaý toplumy açyldy

23-nji ýanwarda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda täze ýaşaýyş jaylarynyň dabaraly açylyşy geçirildi. Toplumyň çäginde 90-dan gowrak iki gatly kottej görnüşli jaýlar ýerleşýär. Şeýle-de, bu taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy müdirligi we Malikguly Berdimuhamedow adyndaky muzeý gurlup, ulanmaga berildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ýaponiýada geçirilen gysga möhletli okuwa gatnaşdyMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ýaponiýada geçirilen gysga möhletli okuwa gatnaşdy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Ýaponiýada geçirilen gysga möhletli okuwa gatnaşdy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Myratgeldiýewa Ýaponiýanyň Özara düşünişmek, itellektual gatnaşyklar we akademiki alyş-çalyş başlangyjy atly (MIRAI) okuw maksatnamasynyň «Kanunyň hökmürowanlygy» ugry boýunça gysga möhletli okuwa gatnaşdy. Okuw 13-21-nji ýanwar aralygynda gecirildi.

Britaniýaly bilermenler türkmen mugallymlaryna we talyplaryna hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryny geçdiBritaniýaly bilermenler türkmen mugallymlaryna we talyplaryna hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryny geçdi

Britaniýaly bilermenler türkmen mugallymlaryna we talyplaryna hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryny geçdi

Wise-kansler Endrýu Linnonyň ýolbaşçylygyndaky Westminster uniwersitetiniň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Britaniýanyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri 19-25-nji ýanwar aralygynda dowam etýän saparyň çäginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryny geçidiler