Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleri üçin okuw-usuly maslahat guraldy


Golaýda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň, Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň gurnamaklarynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 7-nji çagalar bagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagy işjeňleşdirmegiň ýollary» atly okuw-usuly maslahat geçirildi.
Maslahata Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlary bilen birlikde, welaýatyň Sarahs, Tejen we Babadaýhan etraplarynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileri, etrap bilim bölümleriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine jogapkär hünärmenler gatnaşdylar. Gatnaşyjylara pedagogik işgärlere «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijsiniň» ähmiýeti, ondan peýdalanmagyň usulyýeti, çagalar edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň aýratynlyklary barada usuly maslahatlar berildi.
Okuw-usuly maslahatynda öňdebaryjy, baý iş tejribeli pedagogik işgärler agzalan temalarda gyzykly çykyşlar etdiler.
ORIENT








