"Çeper sözüň güýji Gurbannazar Ezizow” - şahyryň doglan gününe bagyşlanan dabaraly çäre


Ýakynda Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Tehniki ugurlar boýunça daşary ýurt dilleri kafedrasynyň talyplarynyň taýýarlamaklarynda, türkmen edebiýatynyň görnükli şahyry G.Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli "Çeper sözüň güýji Gurbannazar Ezizow" atly dabaraly çäre geçirildi.
Çärede talyplar Gurbannazar Ezizowyň goşgularyny, ömri we döredijiligini örän täsirli wasp etdiler. Şahyryň “Türkmen sährasy”, "Keýpine", "Älemgoşar" ýaly goşgularyna döredilen aýdymlary talyp ýaşlar höwes bilen ýerine ýetirdiler.
Şeýle-de çärede "Oguzlar" döredijilik toparynyň talyplarynyň owadan tanslary hem-de G.Ezizowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan sahna oýunlary, "Serpaý" atly kinofilmden bölekler hödürlenildi.
ORIENT








