HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Baş Assambleýasy Beýik Watançylyk Urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygy baradaky Kararnamasyny tassyklady

Mart 05, 2025 | 09:15 |7689
BMG-niň Baş Assambleýasy RF tarapyndan hödürlenen Beýik watançylyk urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygy baradaky Kararnamasyny tassyklady. Munuň bilen, ol urşuň pidalarynyň hatyrasyna BA-nyň dabaraly mejlisiniň geçirilmegini hem sorady diýip, РИА новости habarçysy belleýär.BMG-niň Baş Assambleýasy RF tarapyndan hödürlenen Beýik watançylyk urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygy baradaky Kararnamasyny tassyklady. Munuň bilen, ol urşuň pidalarynyň hatyrasyna BA-nyň dabaraly mejlisiniň geçirilmegini hem sorady diýip, РИА новости habarçysy belleýär.
Çeşme: ria.ru

BMG-niň Baş Assambleýasy RF tarapyndan hödürlenen Beýik watançylyk urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygy baradaky Kararnamasyny tassyklady. Munuň bilen, ol urşuň pidalarynyň hatyrasyna BA-nyň dabaraly mejlisiniň geçirilmegini hem sorady diýip, РИА новости habarçysy belleýär.

Resminama konsensus tarapyndan kabul edildi. RF bu Kararnamany onlarça döwletler bilen, şol sanda Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, HHR, Gyrgyz, Serbiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan, KHDR we Eýran bilen awtordaşlykda taýýarlady. BMG-niň ýanyndaky RF-iň hemişelik wekili Wasiliý Nebenzýa ozal РИА новости beren söhbetdeşliginde BMG-niň agzalaryny resminamany goldap, munuň bilen, “nasizmsiz dünýä üçin öz durmuşlaryny gurban edenleriň hatyrasyna hormat goýmaga” çagyrdy.

BMG-niň BA-sy tarapyndan kabul edilen bu Kararnamada Bütindünýä guramasynyň direktiw edarasynyň başlygyndan “2025-nji ýylyň maý aýynyň ikinji hepdesiniň dowamynda Beýik watançylyk urşunyň ähli pidalarynyň hatyrasyna BA-nyň ýörite dabaraly mejlisini geçirmegi hem-de her bäş ýyldan şeýle mejlisleri” geçirmegi soralýar.

Şeýle hem, resminamada BMG-niň ähli agzalaryna, hökümet däl guramalara we aýratyn şahslara “degişli ýagdaýda” 8-9-njy maýy Beýik watançylyk urşunyň pidalarynyň hatyra güni hökmünde bellemäge teklip edilýär.

Resminamanyň preambulasynda Baş Assambleýa, hususan-da, Bütindünýä Guramasynyň agzalaryny özüniň halkara gatnaşyklarynda güýç howplaryndan we ony ulanmakdan saklanmak üçin “ähli mümkin” bolan tagallalary etmäge çagyrýar. BMG-niň BA-nyň Kararnamasy maslahat beriji häsiýete eýedir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026