HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OPEK+ ýurtlary aprel aýyndan nebitiň gazyp alnyşyny ýokarlandyrmak baradaky kararyny tassykladylar

Mart 04, 2025 | 14:55 |4564
OPEK+ guramasynyň sekiz ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany, Russiýa, Yrak, BAE, Kuweýt, Gazagystan, Alžir we Oman 2025-nji ýylyň 1-nji aprelinden nebitiň gazyp alnyşyny ýokarlandyrmak baradaky kararyny tassykladylar.OPEK+ guramasynyň sekiz ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany, Russiýa, Yrak, BAE, Kuweýt, Gazagystan, Alžir we Oman 2025-nji ýylyň 1-nji aprelinden nebitiň gazyp alnyşyny ýokarlandyrmak baradaky kararyny tassykladylar.
Çeşme: inform.kz

OPEK+ guramasynyň sekiz ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany, Russiýa, Yrak, BAE, Kuweýt, Gazagystan, Alžir we Oman 2025-nji ýylyň 1-nji aprelinden nebitiň gazyp alnyşyny ýokarlandyrmak baradaky kararyny tassykladylar.

Ozal bu ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda global bazaryň ýagdaýyny we onuň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Ozal ýetilen ylalaşyklara laýyklykda, meýletin azaldylan möçberleri bir gije-gündizde 2,2 mln barrele kem-kemden we çeýe dikeltmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 2025-nji ýylyň aprelinden – 2026-njy ýylyň sentýabryna çenli özüniň gazyp alnyşyny bir gije-gündizde 300 müň barrele ýokarlandyrar.

Şeýle hem, duşuşykda gazyp alnyşyň artykmaç möçberi bolan ýurtlar üçin öwezini dolmak tertibi barada maslahatlaşyldy.

OPEK+ bazar ýagdaýyna gözegçilik etmegi dowam edýär hem-de öz meýillerini bazardaky üýtgeşmelere laýyklykda uýgunlaşdyrmaga taýýar. Birleşige gatnaşyjylar gazyp alnyşyň ýokarlandyrylmagynyň nebit nyrhlaryny durnuklaşdyrmaga we energiýa göterijilerine bolan barha artýan islegi kanagatlanrymaga ýardam berjegine ynanýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026