HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda öňdebaryjy enjamlar bilen emjanlaşdyrylan Halkara pediatriýa merkezi gurulýar

Mart 05, 2025 | 02:37 |10519
4-nji martda, sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýerinde işiň gidişi, binalaryň binagärlik aýratynlyklary we bölümleriň enjamlary bilen tanyşdy4-nji martda, sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýerinde işiň gidişi, binalaryň binagärlik aýratynlyklary we bölümleriň enjamlary bilen tanyşdy
Çeşme: "Neýtralnyý Türkmenistan"

4-nji martda, sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýerinde işiň gidişi, binalaryň binagärlik aýratynlyklary we bölümleriň enjamlary bilen tanyşdy.

Täze merkez öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. Bölümlerinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylar. Şunda birnäçe enjamlaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitde-de ilkinji gezek ornaşdyrylýandygyny nygtamak gerek. Bu ýerde emeli aňyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün eder. Elebetde, lukmanlaryň hünär derejesine aýratyn üns berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow merkezde oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň tehnologiki çözgütlere ýokary baha berdi we olary toplumlaýyn enjamlaşdyrmak barada öz maslahatlaryny berdi. Häzirki zaman enjamlarda işlejek lukmanlaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak täze merkez üçin ileri tutulýan ugur bolar. Newrologiýa, endokrinologiýa, ortopediýa, allergologiýa, çaga kesellerini bejermek boýunça ökde hünärmenler bu merkeze işe çagyrylar.

Endoskopiýa, funksional we şöhle bilen anyklaýyş, mikrobiologiýa we bakteriologiýa, psihiatriýa, audiologiýa, endokrinologiýa, gematologiýa, patogistologiýa barlaghanalary, operasiýa bölümleri ýokary derejede enjamlaşdyrylar. Täze merkeziň barlaghana bölümlerinde ornaşdyrylan enjamlar çagalarda duş gelýän islendik keseli gysga wagtyň içinde anyklamaga hem-de gerekli netijäni bermäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylarynyň, gurluşyk kompaniýasynyň wekilleriniň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onda täze merkeziň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary derejede tamamlamak we ony döwrebap ýagdaýda enjamlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Binanyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meselä aýratyn garaldy. Gurluşyk kompaniýasynyň wekilleri gurluşyk işleriniň depginleri, onda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri, ugurdaş desgalaryň üpjünçilik meseleleri barada giňişleýin hasabatlary berdi.

Täze merkezde ýerde işlejek lukmanlaryň dünýäniň öňdebaryjy klinikalarynda bolup, tejribe toplandyklary, degişli ugurlar boýunça hünär derejeleriniň kämilleşdirilendigi bellemelidiris. Sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ornaşdyrylmagy lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we bejerginiň netijeliligini düýpgöter täze derejä çykarmakda uly itergi berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026