HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekiliniň Türkmenistana sapary: gatnaşyklara täze itergi

Mart 04, 2025 | 22:05 |8550
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs sapar bilen Aşgabada geldi. 4-nji martda ol Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşuşdyÝewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs sapar bilen Aşgabada geldi. 4-nji martda ol Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.tm/mejlis.gov.tm

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs sapar bilen Aşgabada geldi. 4-nji martda ol Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen ÝB-niň we onuň gurluşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar syýasy we diplomatik gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. Gürrüň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny hem-de özara gatnaşyklary gurallaryny berkitmek barada gitdi. “Türkmenistan–ÝB” bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogynyň, şeýle hem Adam hukuklary boýunça dialogynyň alyp barýan işlerini aýratyn bellediler.

vizit-predstavitelya-evrosoyuza-v-turkmenistan (2).jpg

Taraplar şeýle hem energetika, ulag we baglanyşyklary gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak barada pikir alyşdylar. Aýratynda metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. ÝB-niň maliýe düzümleri bilen alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem möhüm mowzuklaryň biri boldy. Bu ýerde gürrüň bilim taslamalary we maksatnamalary, institutlaryň hem-de ylmy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek barada boldy. Taraplar dürli ugurlar boýunça hünärmenler üçin okuw sapaklaryny dowam etdirmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Mundan başga-da, diplomatlar şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

vizit-predstavitelya-evrosoyuza-v-turkmenistan (1).jpg

Eduards Stipraýs şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini we kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň we bilelikde geçirilýän okuw maslahatlarynyň ähmiýetini bellediler. Olaryň pikiriçe, bularyň hemmesi Türkmenistan bilen ÝB-niň ýurtlarynyň arasynda döwrebap we dürli ugurdaky gatnaşyklary berkitmäge kömek edýär.


Eduards Stipraýs 2025-nji ýylyň 1-nji martynda Teri Hakalanyň ýerine 2 ýyl möhlet bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili wezipesine girişdi.

Stipraýs – uly tejribesi bolan latwiýaly diplomat. Ol Latwiýanyň ÝB-de hemişelik wekili şeýle hem Döwlet sekretarynyň orunbasary - Latwiýanyň DIM-niň syýasy direktory wezipesinde işledi. 2016-2020-nji ýyllar aralygynda ÝB-niň Özbegistan Respublikasyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy, şeýle hem Latwiýa Respublikasynyň Beýik Britaniýadaky we Fransiýadaky ilçisi boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026