

Hytaýda “emeli Gün” ýakyldy
2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Hytaýyň EAST atly synag termiki ýadro reaktory elektron plazmasyny saklamak boýunça täze rekord goýdy. Täsir 1066 sekuntlap dowam etdi, bu bolsa ozalky rekorddan üç esse diýen ýaly köp. Plazmanyň temperaturasy şol wagt 100 million °C töweregi boldy, bu Gün ýadrosynyň temperaturasyndan alty esse ýokarydyr. Reaktor ýakynda döwrebaplaşdyrylyp, täze rekordlara taýýar edildi.



















