Türkmenistandan Türkiýä geçirilýän gaz dünýäniñ energetika bazaryny üýtgedip biler: ekspert


Türkmen gazynyñ Türkiýä geçirilmegi iki ýurduñ arasyndaky ykdysady we strategiki gatnaşyklaryñ täze tapgyryny alamatlandyryp, ol global energetika bazaryna öz täsirini ýetirip bilýär. Bu barada EkoAvrasya gaznasynyñ Hossarlar geñeşiniñ başlygy doktor Hikmet Ereniñ sözlerine salgylanyp, Türkiye today habar berýär.
Eren türkmen gazynyñ Türkiýä geçirilmegi türki dünýäsiniñ möhüm wakasy bolup, ol diñe bir ykdysady hyzmatdaşlygyñ däl-de, eýsem sebitleýin energetika howpsuzlygyna ýardam berýändigini belledi.
"Strategiki hyzmatdaşlygyñ çäklerinde Türkmenistanyñ tebigy gazynyñ ägirt uly gorlarynyñ Türkiýä geçirilmegini üpjün etmek - bu türki dünýäsiniñ ykdysady, energetika howpsuzlygyny berkitmek ugrunda möhüm ädimdir" - diýip, Eren belledi.
"Bu başlangyç iki ýurduñ arasyndaky diñe bir söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrman, eýsem sebitde güýç deñagramlylygyny hem üýtgedip biler" - diýip, ol goşmaça aýtdy. Bu energetiki hyzmatdaşlygyñ has giñ netijeleri barada aýtmak bilen, Eren bu ädimiñ Türkiýäniñ energetika howpsulzygyny hem-de gazyñ Ýewropa geçirilmegindäki onuñ ornuny ep-esli derejede pugtalandyrjakdygy barada aýtdy.
"Türkmenistan dünýäde tebigy gazyñ uly gorlarynyñ birine eýedir, bu kuwwatlyklaryñ Türkiýäniñ energetika ulgamyna integrasiýasy hem tutuş türki dünÿäsiniñ strategiki ykdysady binýadyny berkider" - diýip, ol belledi.
"Bu ädim diñe bir täjirçilik ylalaşygy däldir, ol sebitde güýçleriñ ýerleşişini üýtgedip biler" - diýip, Eren aýtdy. Şeýle hem, ol Türkiýäniñ wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyñ türkmen gazynyñ Türkiýäniñ üsti bilen Ýewropa geçirilmeginiñ wajyplygyny açyp görkezýän beýannamasyna salgylandy.
"Birinji tapgyrda tebigy gazyñ 1,3 mlrd kubmetri SWAP usuly arkaly geçiriler. Biz muña başlangyç hökmünde garaýarys" - diýip, Ýylmaz aýtdy. - "Geljekki tapgyrlarda türkmen gazynyñ we elektrik energiýasynyñ Türkiýäniñ üsti bilen ýewropa we dünýä bazarlaryna çykjakdygyna garaşýarys".
Eren bu wakalaryñ diñe bir ykdysadyýete däl-de, eýsem syýasata hem öz täsirini ýetirjekdigi barada belledi. "Energetika - bu diñe bir söwda harydy däl, eýsem ol ykdysady ösüşiñ esasy faktorydyr" - diýip, ol aýtdy. "Türkmen gazynyñ Türkiýä geçirilmegi türki dünýäsiniñ integrasiýasyny pugtalandyryp, dünÿäniñ energetika bazarlaryna öz täsirini ýetirer" - diýip, Eren goşmaça belledi.
ORIENT news








