OGT-2022 forumyna gatnaşyjylar Aşgabatdaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetine baryp gördüler


OGT-2022 nebit-gaz halkara forumyna gatnaşýan Russiýanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Aşgabatdaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine baryp, kärdeşleri bilen ylmy ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar.
Kazanyň milli ylmy-barlag tehnologiýa uniwersitetiniň logistika we dolandyryş kafedrasynyň müdiri Alekseý Şinkewiç ORIENT bilen eden söhbetdeşliginde bu uniwersitetiň ýakyn wagtda Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk hakda ähtnama gol çekmekçidigini gürrüň berdi.

«Biz ylmy barlaglary alyp barmak, bilelikdäki maslahatlary geçirmek, mugallymlaryň hünärlerini ýokarlandyrmak we olaryň hünär derejesini kämilleşdirmek isleýäris» – diýip, Şinkewiç aýtdy.
«Kazan şäheriniň türkmen talyplarynyň höwes bilen okaýan ýerlerinden biridigini aýratyn belläsim gelýär. Olar biziň kafedramyzda bilimiň ähli derejelerinde okaýarlar – meniň ýolbaşçylygymda Türkmenistandan aspirantlarym hem bar» – diýip, myhman sözüni dowam etdirdi.
Almetýewskiýniň döwlet nebit institutynyň rektory Aleksandr Dýakonow bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy artdyrmak islegini bellemek bilen, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim berilşiniň şertlerine we bilim derejesine haýran galýandygyny aýtdy.

«Dogrymyz aýtsam, siziň şunuň ýaly hakyky halkara uniwersitetinde okaýandygyňyza meniň çyn ýürekden gözüm gidýär. Bu ýerde bilim almak we hakykatdan hem ýokary derejeli hünärmen bolmak üçin we talyp durmuşyna zerur bolan ähli şertler döredilipdir» – diýip, Aleksandr Dýakonow Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bolmagynyň çäklerinde talyplaryň öňünde eden çykyşynda belledi.
Eziz OVEZOW
Surat redaksiýanyňky








