“RŽD Logistika” Türkmenistanyň üstünden “Demirgazyk-Günorta” HUG boýunça konteýner otlusyny işe girizdi


“RŽD Logistika” PJ Türkmenistanyň üstünden “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça yzygiderli konteýner otlusyny işe girizdi. Bu barada kompaniýa salgylanyp, Praým ykdysady habarlar agentligi habar berýär.
“Düzüminde kyrk futlyk konteýnerleriň 31-si bolan konteýner otlusy 24-nji oktýabrda ugrady” diýlip, habarda aýdylaýr.
Otly Moskwanyň etegindäki Çehowdan başlap, Gazagystan Respublikasynyň çäklerinden üstaşyr geçip, Türkmenistanda “Sarahs” stansiýasyna geler, şol ýerde otly düzüminiň tigirleri 1520-den 1435 ölçege çalşyrylar. Soňra ýük Eýranyň çäklerinden Bender-Apbas portuna çenli barar. Konteýnerler porta gelip, gämä geçiriler we deňziň üsti bilen müşderileriň buýurmalaryna laýyklykda, bellenilen nokatlara barar.
Häzir otly düzümi Gazagystanyň demir ýollaryndan barýar. Ýolda barmagyň tertibine laýyklykda, otlynyň Türkmenistanyň we Eýranyň serhetindäki “Sarahs” stansiýasyna 31-nji oktýabrda gelmegine garaşylýar. Yzyna tarap barýan ugrunda otly ýükleri Russiýa Federasiýasyna elter.
Birinji tapgyrda yzygider gatnajak otly “Demirgazyk-Günorta” HUG-niň gündogar şahasy boýunça täze eksport-import ýolundan aýda bir gezek gatnar. “RŽD Logistika” ýakyn geljekde bu ugur boýunça konteýner otlularynyň ugradylyş ýygylygyny artdyrmagy meýilleşdirýär.
ORIENT news








