HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň ilçisi Klimou: metan barada gürrüň ederis

Oktýabr 27, 2022 | 18:57 |8098
Türkmenistanyň tebigy gaz we nebit çykaarmak boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup durýandygy sebäpli, Aşgabatda häzirki geçirilýän nebitgaz forumynyň gün tertibindäki möhüm mesele metanyň bölünip çykmalaryny dolandyrmakdan ybaratdyr diýip, OGT-2022-ä gatnaşýan ABŞ-nyň ilçisi Mettýu Stiwen Klimou hasaplaýar.Türkmenistanyň tebigy gaz we nebit çykaarmak boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup durýandygy sebäpli, Aşgabatda häzirki geçirilýän nebitgaz forumynyň gün tertibindäki möhüm mesele metanyň bölünip çykmalaryny dolandyrmakdan ybaratdyr diýip, OGT-2022-ä gatnaşýan ABŞ-nyň ilçisi Mettýu Stiwen Klimou hasaplaýar.
Çeşme:

Türkmenistanyň tebigy gaz we nebit çykaarmak boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolup durýandygy sebäpli, Aşgabatda häzirki geçirilýän nebitgaz forumynyň gün tertibindäki möhüm mesele metanyň bölünip çykmalaryny dolandyrmakdan ybaratdyr diýip, OGT-2022-ä gatnaşýan ABŞ-nyň ilçisi Mettýu Stiwen Klimou hasaplaýar.

“Men Türkmenistan bilen birlikde köp ýurtlarda metanyň bölünip çykmalaryny dolandyrmak boýunça işleriň ilkinji derejeli ähmiýete eýedigine ynanýaryn” diýip, diplomat belledi.

Посол США Климоу: поговорим о метане

Şu mesele boýunça OGT-2022 forumyna gatnaşmaga Norwegiýanyň Carbon Limits konsalting kompaniýasynyň bilermenleri çagyryldy. Maslahatyň ikinji gününde Amerkanyň Birleşen Ştatlarynda metanyň bölünip çykmalaryny azlatmak boýunça geçirilýän işler gürrüň ediler.

“Howany ählumumy derejede dolandyrmak meselesi ýakyn wagtda öz işine başlajak КС27 maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylar. Şoňa görä-de, häzir Aşgabat metanyň bölünip çykmalaryny azlatmak barada gürrüň etmek üçin ajaýyp ýerdir” diýip, ilçi forumyň çäklerinde ORIENT bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

“Nebitgaz işewürligi dünýäde emele gelen ýagdaýlar sebäpli gülläp ösýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçilmegi eýýäm gözýetimde görünýär, emma, olar ilkinji orna geçýänçä, nebit we gaz gysga möhletli we orta möhletli geljekde örän möhüm orun eýelemegini dowam eder” diýip, Mettýu Klimou sözüni dowam etdi hem-de özüniň OGT-ä eýýäm bäşinji ýa-da altynjy gezek gatnaşýandygyny aýtdy.

Посол США Климоу: поговорим о метане

Onuň pikirine görä, dürli ýurtlaryň ýokary derejeli bilermenleriniň gatnaşmagynda täze tehnologiýalar baradaky maslahatlaşmalar munuň özi şeýle duşuşyklara aýratyn ähmiýet berýär.

“Haçanda men energetika ulgamynda işleýän adamlar bilen gepleşenimde, biz hemişe Türkmenistanda pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilişi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşýarys. Özi-de, ýurtda nebiti we gazy tapmak ugrunda alnyp barylýan gözleg-agtaryş işleriniň netijeleri geljek üçin uly umyt döredýär, şoňa görä-de, Türkmenistanyň olaryň eksportyny giňeltmäge ajaýyp mümkinçiligi bar” diýip, ilçi belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026