SOCAR-yň wise-prezidenti: dostlukly ylalaşyk, uly aglomerat we onlarça ýyllara meýilnamalar barada


Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekiliýeti çarşenbe güni Aşgabatda açylan "Türkmenistanyň nebiti we gazy" halkara forumyna gatnaşýar.
SOKAR-yň prezidenti Röwşan Najaf pudagyň öňünde çynlakaý meseleleri goýýan we şol bir wagtyň özünde görlüp-eşidilmedik özgerişler üçin mümkinçilik döredýän täze kynçylyklaryň fonunda sebit we global energiýa ulgamynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylan forumyň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Maslahat bilen ugurdaş guralan sergide SOCAR-yň stendi sergä gatnaşyjylara Azerbaýjanyň nebit-gaz pudagynyň innowasiýalary we ýeten sepgitleri, kompaniýanyň içerki we halkara taslamalardaky orny barada maglumat berýär. Bu ýerde resmi däl işewür duşuşyklar geçirilýär, hünärmenleri kärdeşlerini gyzyklandyrýan soraglara jikme-jik jogap berýän SOCAR bilen dürli kompaniýalaryň hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşylýar.

– Biz her ýyl türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen Aşgabatda nebit-gaz forumynda duşuşýarys we olar üçin täzeliklerimiz ýylyň ýylyna artýar. Aýratyn-da, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki “Dostluk” nebit ýatagyny bilelikde özleşirmek barada memoranduma gol çekilenden soň, gatnaşyklarymyz hasam pugtalanýar – diýip, SOCAR-yň wise-prezidenti Elşat Nasirow ORIENT bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
– Bilşiňiz ýaly, iki ýurduň serhedindäki bu ýatak ozal her tarapda başgaça, ýagny dürli-dürli atlandyrylýardy, ýöne soň biz onuň jedelli çäk bolman, eýsem dostluk çäkleri bolmalydygyny we ýatagyň adyny iki tarapy-da kanagatlandyrýan “Dostluk” diýen ady goýmagy ylalaşyp, umumy bir pikire geldik. Özem onuň resmi adyny bu sözüň türkmençe aýdylyşyny, ýagny azerbaýjan dilinde soňy “g” bilen gutarýan “dostlug” däl-de, “k” harpyna gutarýan “dostluk” diýen görnüşini saýladyk – diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berýär.
Şeýle hem, ol Azerbaýjanyň Eýran bilen alyş-çalyş amallary arkaly şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan gaz satyn alýandygyny we bu döwürde iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň bäş esse artandygyny ýatlatdy. Nasirow SOCAR-yň türkmen kärdeşleri bilen deňizde we gury ýerde islendik ýatak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
“Aşgabat nebit-gaz sergisinde biziň bir-birege ýakyndygymyza, Türkmenistanyň kenaryndan bary-ýogy 280 kilometr uzaklykdadygymyza ýene bir sapar türkmen hyzmatdaşlarymyzyň ünsüni çekmek isleýäris. Mundan başga-da, bu ýerde birnäçe ýyllyk we belki, onlarça ýyl üçin bilelikdäki meýilnamalary kesgitlemäge ýardam berjek teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklarymyz hem meýilleşdirilendir" -diýip, SOCAR-yň wise-prezidenti aýtdy.

Elşat Nasirowyň sözlerine görä, häzirki wagtda nebite we gaza öňkülerinden has köp isleg bildirilýär, ýaşyl ykdysadyýete doly geçmegiň köp wagt talap etjekdigi mälim boldy, bu bolsa Türkmenistan bilen Azerbaýjan üçin bilelikdäki uly taslamalary durmuşa geçirmäge amatly pursat. Şeýle hem, onuň pikiriçe, uglewodorodlary gaýtadan işlemek pudagynyň geljegi uly. Türkmen nebitiniň bir böleginiň tankerler arkaly Hazaryň üsti bilen Ortaýer deňzi boýunça daşalýandygyny göz öňünde tutsak, Azerbaýjan bu nebiti öz çäginde gaýtadan işlemek üçin kabul edip, ondan önýän önümi Gruziýanyň üsti bilen Ýewropa ugradyp bilerdi.
– "Şonuň üçin Aşgabat sergisi SOCAR-y, “Türkmengazy” we “Türkmennebiti” öň döredilmeli uly bir aglomerat hökmünde görkezmäge mümkinçilik berýär" – diýip, Elşat Nasirow sözüni jemledi.
ORIENT news








