Habarlar

Türkmenistanyň resmi wekilleri ÝHHG-niň ykdysady we daşky gurşaw forumynyň ýygnagynda ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary boýunça çykyş etdiTürkmenistanyň resmi wekilleri ÝHHG-niň ykdysady we daşky gurşaw forumynyň ýygnagynda ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary boýunça çykyş etdi

Türkmenistanyň resmi wekilleri ÝHHG-niň ykdysady we daşky gurşaw forumynyň ýygnagynda ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary boýunça çykyş etdi

2022-nji ýylyň 23-24-nji maýynda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň 2-nji taýýarlyk ýygangynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň we ÝHHG-niň ýanyndaky delegasiýamyzyň wekilleri «Türkmenistanyň ykdysadyýet we daşky gurşaw babatda ileri tutýan ugurlary» temasy boýunça beýannama bilen çykyş etdi.

“Ak şäherim Aşgabat” – gelejek üçin köpugurly mümkinçilik“Ak şäherim Aşgabat” – gelejek üçin köpugurly mümkinçilik

“Ak şäherim Aşgabat” – gelejek üçin köpugurly mümkinçilik

Çarşenbe güni paýtagtymyzda açylan “Ak şäherim Aşgabat” sergisi “köpugurly” derejesine eýe bolmagy tötänden däldir. Onda şäheriň meýilleşdirilmegine we ösüşine degişli hemme zat: ýaşaýyş jaýlarynyň we ýollaryň nämelerden gurulýandygyna hem-de olaryň neneňsi enjamlaşdyrylýandygyna, durmuş we gurşaw babatda ýaşaýyş üçin amatly ýagdaýlaryň nädip döredilýändigine degişli ähli zatlar görkezilýär.