Türkmenistandaky Fransuz institutynyň ýanynda teatr kluby işläp başlar


Türkmenistandaky Fransuz instituty hemmeleri penşenbe güni sagat 18:30-dan 19:30-a çenli geçiriljek teatr klubyna gatnaşmaga çagyrýar.
Sapaklaryň dowamynda institutyň mugallymy gatnaşyjylar bilen bilelikde dürli teatr çykyşlaryny taýýarlar, bu myhmanlara döredijilik ukyplaryny ösdürmäge we fransuz dilinde gürleýänler bilen söhbetdeşlik etmäge mümkinçilik berer.
Fransuz medeniýetini we teatryny söýýänleriň ilkinji duşuşygy indiki penşenbe - 15-nji dekabrnda bolar, ol fransuz halkynyň medeniýetini öwrenmäge we bu halkyň gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.
Fransuz dilini öwrenýänler üçin Institutyň duşenbe güni fransuz dilinden gürleşmek kluby hem bar, ýekşenbe günleri bolsa myhmanlar fransuz kinofilmlerine tomaşa edip bilerler.
Fransuz institutynyň salgysy: Aga Garryýew köçesi, jaý 69.
ORIENT news
Surat: mk.ru








