Argentinaly paleontologlar dinozawrlaryň täze görnüşiniň galyndylaryny tapdylar


Argentinada 70 million ýyl mundan ozal planetamyzda ýaşan uly bolmadyk dinozawrlaryň täze görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar. Bu barada Ylmy we tehniki gözlegleriň milli geňeşine (CONICET) salgylanyp, TASS habar berýär.
CONICET-iň alymlary tarapyndan Heneral-Roka şäheriniň günortasynda ýerleşýän Salitral Moreno ilatly ýeriniň golaýynda tapylan süňkleriň täze barlag işi, takmynan 70 million ýyl ozal, hek döwrüniň ahyrynda Argentinanyň Patagoniýasynda ýaşan täze dinozawry ýüze çykardy – diýip, habarda aýdylýar.

Täze dinozawra örtüginiň süňkleriniň tapylan ýerine göra Patagopelta cristata diýlip at berildi. Alymlar bu görnüşiň beýleki gadymy süýtemdirijiler bilen deňeşdirilende kiçidigini, onuň uzynlygynyň bary-ýogy 2-3 metre golaýdygyny anykladylar.
Hünärmenlere dinozawryň doly skeletini ýygnamak başartmadyk hem bolsa, alnan maglumatlar onuň ankilozawrlaryň täze görnüşidigine düşünmek üçin ýeterlik boldy. Bu ösümlik bilen iýmitlenýän dinozawrlaryň süňklerini Demirgazyk ýarym şarda köp tapýarlar, günortada bolsa ol seýrek duş gelýär.
Çaklamalaryň birine görä, Patagopelta cristatanyň kiçi göwrümi ýaşaýan ýerlerinde azyk ýetmezçiliginiň bolmagy we olaryň diňe kiçi görnüşleriniň galanlygy bilen baglanyşyklydyr.
ORIENT news
Surat: tass.ru








