HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze ýyl arçasyny Bossanyň taslamasy bilen saýlap bilersiňiz

Dekabr 08, 2022 | 15:34 |10725
Täze ýyl arçasy hemmeleriň eý görýän baýramçylygynyň esasy aýratynlygydyr. Bu diňe bir öýüň nähili görünjekdigi bilen çäklenmän, ähli maşgala agzalarynyň we myhmanlaryň şatlygy hem onuň saýlanmagyna baglydyr.Täze ýyl arçasy hemmeleriň eý görýän baýramçylygynyň esasy aýratynlygydyr. Bu diňe bir öýüň nähili görünjekdigi bilen çäklenmän, ähli maşgala agzalarynyň we myhmanlaryň şatlygy hem onuň saýlanmagyna baglydyr.
Çeşme:

Täze ýyl arçasy hemmeleriň eý görýän baýramçylygynyň esasy aýratynlygydyr. Bu diňe bir öýüň nähili görünjekdigi bilen çäklenmän, ähli maşgala agzalarynyň we myhmanlaryň şatlygy hem onuň saýlanmagyna baglydyr.

Bossanyň taslamasynyň esasynda Täze ýyl arçasyny satyn almak hemmelere şatlyk getirer we Täze ýyl baýramçylygyny ýatdan çykmajak pursatlar bilen geçirmegiňiz üçin size emeli Täze ýyl arçasyny satyn alanyňyzda esasan haýsy aýratynlyklara üns bermelidigiňiz barada maslahat bermek isleýäris.

Ilki bilen Täze ýyl arçasynyň ululygyny saýlaň

Täze ýyl arçasyny saýlanyňyzda, onuň ýerleşýän otagynyň ululygyndan başlamaly. Otag kiçi bolsa-da, arçanyň erkin hereketine päsgel bermeli däldir. Bu ýagdaýda bir burça ýa-da diwara daýanmak üçin diwara gurlan Täze ýyl arçasy ajaýyp bolar.

Выбираем новогоднюю ёлку вместе с Bossan concept

Öýüňizde Täze ýyl arçasynyň bezegleri bilen oýnamagy ýa-da baýramçylyk arçasy bilen «uruşmagy» halaýan haýwanlar ýa-da kiçi çagalar bar bolsa, onda siz üçekden asylýan Täze ýyl arçasyny satyn alyp bilersiňiz. Täze ýyl arçasynyň bu görnüşi öý haýwanlary üçin elýeterli bolmaz we öýi çagalar üçin has ygtybarly eder.

Mundan başga-da, Bossanyň taslamasy stoluň üstünde ýerleşdirip bolýan kiçijik Täze ýyl agaçlaryny, orta ölçegli otaglar üçin 1,5 metrden, has ulusy üçin - beýikligi 4,5 metre çenli bolan Täze ýyl agaçlaryny hödürleýär. Täze ýyl agaçlarynyň stoluň üstünde ýerleşdirip bolýan görnüşleri üçin başlangyç baha 200 TMT-den, ýapyk jaýlarda ulanylýan görnüşleri üçin bolsa 900 TMT-den başlaýar.

Täze ýyl arçasynyň görnüşini we materialyny saýlaň

Выбираем новогоднюю ёлку вместе с Bossan concept

Bezeg taslamasyna görä, Täze ýyl agaçlary üç görnüşe bölünýär – bogulan, düzülýän we ýygnap bolýan görnüşinde. Birinji görnüşinde bu Täze ýyl arçasyny saýawan ýaly açmak aňsat bolýar. Ikinjisinde, her şahany arçanyň dik baldagyna özbaşdak berkitmeli bolar. Üçünji görnüşinde bolsa, şahalar eplenen ýa-da ýygnalan ýagdaýda bolup, olary el bilen açmaly bolar, şeýlelikde Täze ýyl arçasyna gerekli şekil berip bolýar.

Arçanyň nähili materialdan ýasalandygy uly ähmiýete eýedir. Onuň nähili tebigy görünjekdigine we näçe wagtlap özüniň gözelligini saklap biljekdigine baglydyr. Olaryň hil taýdan iň gowusy, şahalary dykyz rezinden doly ýa-da ýarym guýlan Täze ýyl agaçlarydyr.

Müşderileriň arzuwlaryny we isleglerini göz öňünde tutup, şu ýyl Bossanyň taslamasy özleriniň Täze ýyl agaçlaryny öndürdi. Bular gar bilen örtülen we çyralary bilen 2,7 metr ululykdaky Täze ýyl agaçlarydyr. Olar adaty Täze ýyl arçalaryndan çyralarynyň sany we ululygy, şeýle hem aýratyn ajaýyplyk berýän şahalarynyň sany bilen tapawutlanýar.

«Kaşaň» Täze ýyl arçasyny saýlap bilersiňiz

Выбираем новогоднюю ёлку вместе с Bossan concept

Täze ýyl arçasyny satyn alanyňyzda artykmaç tölemekden çekinmeseňiz kaşaň harytlary hem saýlap bilersiňiz. Şeýlelik bilen, Taýlanddan getirilen bu Täze ýyl arçalary ýokary hilli materialdan bolup - şahalary asyl göwrümini saklaýar we özüniň özboluşly ýaşyl reňkini ýitirmeýär we her ýyl müşderileri täze görnüşleri bilen begendirýär.

Выбираем новогоднюю ёлку вместе с Bossan concept

Täze ýyl arçalarynyň çyralarynyň guralyşyna hem üns berip bilersiňiz. Ynamly öndürijini saýlasaňyz, onda arçaňyzyň bezegi has uzak wagta gider. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde Gollandiýanyň Korol kompaniýasy smartfon arkaly dolandyrylýan «akylly» yşyklandyryşly Täze ýyl arçalaryny hödürleýärler. Ýörite programmasy arkaly onuň işleýşini düzüp, ýagtylygyny sazlap, yşyklarynyň çyrasyny ýakyp we öçürip bilersiňiz.

Şeýle hem Täze ýyl arçalarynyň çydamly we daşyndan has tebigy görünýän görnüşi, onuň dykyz rezin ulanyp, şahalardan ýasalan guýma arçasydyr. Täze ýyl agaçlarynyň ýygnamasy we sökmegi has aňsat bolan, saýawan ýaly şahalary açylýan görnüşleri Täze ýyl arçalarynyň «kaşaň» synpyna degişlidir.

Bossanyň taslamasyna degişli Täze ýyl arçalaryny kompaniýanyň Aşgabatda ýerleşýän dükanlaryndan we resmi web saýtyndan satyn alyp bilersiňiz bossan-concept.com . Şeýle hem Instagram sahypalaryndan: @bossan.concept, @bossan_flora, @bossan_outdoor_tm.

Dükanlaryň ýerleşýän ýeri:

-15-nji tapgyr, Mollanepes köç., "Dürdäneli" söwda merkezi,
-Aşgabat söwda merkezi, 2-nji gat, A-2.01 dükany

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 72-60-60, 41-55-54.

ORIENT news
Surat: redaksiýa arhiwi, kolomenka.ru, Bossan concept

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026