HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Belentde parlaýan türkmen tuglary – sirkde Bitaraplyk gününe bagyşlanan çykyşlar bolar

Dekabr 08, 2022 | 03:27 |11475
9-njy dekabrda Aşgabatda Türkmen döwlet sirkinde Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çykyşy bolar. Sirk artistleriniň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlaryndan düzülen konsert programmasy paýtagtyň raýatlary we myhmanlary üçin özboluşly baýramçylyk sowgasy bolar.9-njy dekabrda Aşgabatda Türkmen döwlet sirkinde Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çykyşy bolar. Sirk artistleriniň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlaryndan düzülen konsert programmasy paýtagtyň raýatlary we myhmanlary üçin özboluşly baýramçylyk sowgasy bolar.
Çeşme:

9-njy dekabrda Aşgabatda Türkmen döwlet sirkinde Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çykyşy bolar. Sirk artistleriniň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlaryndan düzülen konsert programmasy paýtagtyň raýatlary we myhmanlary üçin özboluşly baýramçylyk sowgasy bolar.

Bu gün tomaşaçylar tanyş we söýgüli, şeýle hem ýörite baýramçylyk çykyşy üçin sahnalaşdyrylan we ilkinji gezek görkezilýän çykyşlara tomaşa edip bilerler. Mysal üçin, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýaşyl tuglary parladyp, at üstünde görkezýän şowhunly tomaşasyna toparyň wepaly muşdaklary elmydam sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

01.jpg

Bu çykyş olaryň bu agşamky ýeke-täk çykyşy däl, ýigitler başga-da birnäçe başarnyklaryny görkezerler, olaryň käbiri – çapyksuwarlaryň öz awtorlyk işi we at üstünde ýerine ýetirilýän bu täsin oýunlary dünýäde diňe “Galkynyşyň” çapyksuwarlary ýerine ýetirýärler.

Ýigitler bilen bilelikde tans edýän ahalteke bedewi ýa-da çapyksuwar bilen ýüpden bökýän at. Şeýle ajaýyp tomaşa başda ýerlerde juda seýrek duş gelinýär. Bu tilsimi ýerine ýetirýän bedewiň lakamy "Gazanç", oňa tälim beren meşhur "Galkynyş" ansamblynyň düzüminde çykyş edýän Serdar Baýramdurdyýewdir.

02.JPEG

Ýeri gelende aýtsak, Serdar diňe bir owadan ahalteke atlaryny seýislemän, eýsem ýabany at we afrikan zebrasy bilen hem ajaýyp çykyşlary goýdy.Tälimçiniň öz haýwanlary bilen bilelikdäki çykyşlary hemmeler üçin diýseň gyzykly bolar.

03.JPEG

Türkmen alabaý itleri-de arena çykarlar. Itleriň bu tohumy tälimçilige baş bermeýär diýen pikir bar. Tomaşaçylar bu görmegeý itleriň çykyşlaryny synlap, pikiriň ýalňyşdygyna göz ýetirip bilerler.

04.jpg

Dört aýakly artistleriň arasynda düýelerem bar – olar päsgelçiliklerden geçerler, dyzlarynda ýörärler we jübütlikde birnäçe başarnyklaryny görkezerler. Çagalaryň söýgüli gahrymanlary – çalasyn we gujurly maýmynjyklar hem Halap Baýrammyradow bilen bilelikde şadyýan çykyş görkezerler.

05.jpg

Ulylar we çagalar Medine Baýramdurdyýewa bilen ak kepderileriň tansyndan elmydama hoşal. Çapyp barýan at üstünde ýerine ýetirilýän çylşyrymly oýunlar köpleriň sirke öwran-öwran gelmegine sebäp bolýar. Bu ýerde atlar agyr ýük daşaýjylar kimin, akrobatlar üçin kiçijik bir sahna öwrülýärler, olaryň üstünde janly piramidalar “gurulýar”, başga-da birnäçe emeller ýerine ýetirilýär.

Demiňi alman synlamaga mejbur edýän sirk sungatynyň başga bir görnüşi sirkiň gümmeziniň aşagynda ýeňillik bilen dürli maşklary, çeýe, owadan hereketleri ýerine ýetirýän howa akrobatlarydyr. Aziýa sirk festiwalynyň ýeňijisi Liliana Ýusupowa halkalarda emaý bilen gaýmalaýar. Ol Medine Baýramdurdyýewa bilen bilelikde "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň düzüminde-de çykyş edýär.

06.jpg

Şadyýan masgarabazlar we olaryň gülkünç degişmeleri bolmadyk sirkden sirk bolarmy? Ebetde, ýok, bu agşam tomaşaçylar gülkünç sahnalaryň birnäçesine tomaşa ederler.

Baýramçylyk çykyşyna türkmen aýdymçylary hem gatnaşýarlar - Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymy Ýelena Oreşkina we bu ÝOM-niň kompozisiýa kafedrasynyň talyby Döwran Şammýew dagylar, şeýle-de Döwlet sirkiniň "Ýedigen" tans topary, "Türkmen mukamlary" orkestrisirk gümmeziniň aşagynda çykyş ederler.

07.jpg

Görkeziş 19.00-da başlanýar. Biletleri sirk kassasynda satyn almak bolar.

Gulýa Geldiýewa

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026