

Ýewropada howanyň sowamagy we ýelden energiýa öndürmegiň gowşamagy sebäpli, gazyň bahasy ýokarlanýar
ICE biržasynyň maglumatlaryna görä, çarşenbe güni Ýewropada ýanwar aýy üçin gaz üpjünçiligi baradaky şertnamalar (fýuçersler) her 1000 kubmetr üçin ABŞ-nyň 1500 dollaryndan gowrak bahadan satyldy. TTF (Niderlandlarda ýerleşýän Ýewropanyň iň uly gaz merkezi) indeksi boýunça ýanwar fýuçersleri 1489 dollara deň bolan baha bilen (-1%) söwdany açdylar. Şol gün günortan Ýewropada gazyň bahasy 1514,5 dollara (+ 0.7%) barabar boldy.




















