HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda baş arçany bezemäge girişdiler

Dekabr 10, 2022 | 03:50 |5470
Aşgabat täze ýyl baýramy mynasybetli bezenip ugrady. Köçelerde, seýilgählerde yşyklandyrylan bezeg gurnamalar peýda bolýar, Türkmenistanyň baş arçasyny bolsa, adatça paýtagtyň “Alem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnaýarlar. Eýýäm 15-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň öňünde owadan bezelen ýaşyl gözellik peýda bolar. Şol gün arçada baýramçylyk yşyklary ýakylar we täze ýyl çärelerine badalga beriler.Aşgabat täze ýyl baýramy mynasybetli bezenip ugrady. Köçelerde, seýilgählerde yşyklandyrylan bezeg gurnamalar peýda bolýar, Türkmenistanyň baş arçasyny bolsa, adatça paýtagtyň “Alem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnaýarlar. Eýýäm 15-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň öňünde owadan bezelen ýaşyl gözellik peýda bolar. Şol gün arçada baýramçylyk yşyklary ýakylar we täze ýyl çärelerine badalga beriler.
Çeşme:

Aşgabat täze ýyl baýramy mynasybetli bezenip ugrady. Köçelerde, seýilgählerde yşyklandyrylan bezeg gurnamalar peýda bolýar, Türkmenistanyň baş arçasyny bolsa, adatça paýtagtyň “Alem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnaýarlar. Eýýäm 15-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň öňünde owadan bezelen ýaşyl gözellik peýda bolar. Şol gün arçada baýramçylyk yşyklary ýakylar we täze ýyl çärelerine badalga beriler.

Bularyň hemmesi birnäçe günden başlanar, häzir bolsa şäher gulluklary Täze ýyl arçasyny ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barýarlar. Bu ýyl onuň beýikligi, üstündäki bezeg ýyldyzy bilen birlikde 42 metr bolar. Diametri - 16 metr. Geçen ýylky arçanyň boýy 38,5 metrdi.

Bu ýyl hem, öňki ýyllardaky ýaly, türkmen arçasynyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň paýtagtlarynda bezelen täze ýyl arçalarynyň arasynda iň uzyn bolmagy üçin ähli şertler bar.

Bu ýyl arça akja towşanjyklar, ertekileriň gahrymanlarynyň heýkeljikleri, arça jäjekleri, şeýle hem, dürli öwüşginli müňlerçe metrlik girlýandalar bilen bezeler. Baş arçanyň töwereginde ertekiler dünýäsindäki deýin ýalkym saçýan ajaýyp şäherçe peýda bolar, ýakyn wagtda aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň ýygnanjak bu ýerlerinde surata düşmek üçin owadan zolaklar, oýun meýdançalary we dynç alyş ýerleri älemgoşar reňklerinde müň dürli öwüşgin atar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026